Ýaş şahyr 97
18.07.2023 20:25

Ýa Ýaradan Kadyr Allam

Gözledim bagtym tapmadym.

Medet bergin Jepbar Allam,

Gözledim bagtym tapmadym.


Ilki   söýgüm       taşlap gitdi,

Özgäň göwnün hoşlap gitdi.

Neçün  gözüm  ýaşlap gitdi.

Gözledim bagtym tapmadym.


Ýenede ýapyşdym güle,

Tiken bolup, çümdi  ele,

Durmuş gurdy özge bile,

Gözledim bagtym tapmadym.


Söýenme ýetip bilmedim

Golundan tutup bilmedim

Lebinden öpüp bilmedim

Gözledim bagtym tapmadym.


Asyl ýüregi päk ýaly,

Özgeden ýeketäk ýaly,

Bilmedim soňra zäk ýaly

Gözledim bagtym tapmadym.



Ýa bagt ýazmadyňmy Taňrym

Bärimden  köpmüdir     aňrym

Hangeldi   köpdürle    gaýgyň.

Gözledim bagtym tapmadym.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

17
42
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.