Ýaş şahyr 97
23.06.2023 03:11

Üstüňden güler görüpler,

Öýde  agzybirlik     ýitse.

Salamyň  almaz garyplar,

Öýde    agzybirlik    ýitse.


Toýuňda çatmaň boş bolar,

Ýasyňda  dostuň  daş bolar,

Süýthorlar  saňa   baş bolar,

Öýde     agzybirlik        ýitse.


Hudaý  gargan  ýaly  borsuň,

Goýun  sürüň   maly  borsuň.

At     aýagnyň,   naly   borsuň.

Öýde      agzybirlik        ýitse.


Baýlygyňdan  nyşan  galmaz,

Doganyň   hem  ýada salmaz,

Myhman ýeriň, saçak ýazmaz,

Öýde       agzybirlik          ýitse.


Maşgalaň dargar her ýana,

Agyr şikes, ýeter jana,

Kimden geler kömek saňa,

Öýde agzybirlik ýitse.


Hangeldi Hudaýdan dile,

Muhammet Pygamber bile,

Ýüz bolmaz çykara ile,

Öýde agzybirlik ýitse.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

18
58
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.