Ýaş şahyr 97
10.06.2023 13:10

Üstüňden güler görüpler,

Öýde agzybirlik ýitse.

Salamyň almaz garyplar,

Öýde agzybirlik ýitse.


Toýuňda çatmaň boş bolar,

Ýasyňda dostuň daş bolar,

Süýthorlar saňa baş bolar,

Öýde agzybirlik ýitse.


Hudaý gargan ýaly borsuň,

Goýun sürüň maly borsuň.

At aýagnyň, naly borsuň.

Öýde agzybirlik ýitse.


Baýlygyňdan nyşan galmaz,

Doganyň hem ýada salmaz,

Myhman ýeriň, saçak ýazmaz,

Öýde agzybirlik ýitse.


Hangeldi Hudaýdan dile,

Muhammet Pygamber bile,

Ýüz bolmaz çykara ile,

Öýde agzybirlik ýitse.

12
47
suwa
10 Iýun 2023
Gowy goşgy👍👍👍👍👍👍👈👌
educated
10 Iýun 2023
4 bent👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.