Ýaş şahyr 97
03.07.2023 14:19

Synag üçin geldik, ýalançy dünýä,

Iman gazanmaklyk, derkardyr munda.

Kime wepa berdi, talaňçy dünýe,

Haka daýanmaklyk, derkardyr munda.


Çyn dostuň, ýüregiň, dertleşip bilseň,

Özge çekişjek ýok, bagryňy dilseň,

Ýamanlyk edip, il gözüne ilseň,

Toba eýlemeklik, derkardyr munda.


Namazy, kalp päklige, uý başarsaň,

Aýal netin, ýaşlykda duý başarsaň,

Yzyňda ýagşy at, goý başarsaň,

Zekat paýlamaklyk, derkardyr munda.


Eý, ynsan men-menlik har eder seni,

Nazar sal, Reb, ýokdan, bar eder seni,

Ýetimi ynjytma, zar eder seni,

Garyp sylamaklyk, derkardyr munda.


Garyp nana zardyr, ýeke dogana,

Duşman degmez eken, köplük bolana,

Ene - atasyz sarylyp solana,

Güler ýüz bermeklik, derkardyr munda.


Garrylyk nahaldyr, ýaşlyk derekdir,

Ozaldan ynsana edep gerekdir,

Pyragym, ýoluňdan ýazýan seýrekdir,

Hangeldi, ýazmaklyk, derkardyr munda.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

18
53
okan
4 Iýul 2023
Gaty manyly howy gosgy 👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.