Bilýän, belkide, küýseýänsiň meni,
Ahmal, soraýansyň, tanyş ýakyndan.
Ýöne ýatla, unutmandym, men seni,
Özüň, çykyp gitdiň, giren gapyňdan.
Şeýdip, ýapyp gitdiň, ýürek gapysyn,
Soňra, men ol gapa, adam salmadym.
Seniň ýapan gapyňa, girjek bolup,
Ençe gözel geldi, myhman almadym.
Neneñ salyp, neneñ myhman alaýyn,
Açylmaz ýaly, özüň gurup gitdiň.
Indi, aýralyk mukamyn çalaýyn,
Ýürek, gürsüldüsini, burup gitdiň.
Şowhunly, sazlary, diňlän pursatym,
Neçün, ýüregime, lezzet tapamok,
Gaýgyly, mukam, diňlände gursagym,
Derde derman bolýar, ezýet tapamok.
Diýdiler: ( Näme beýle, gamgynla sen?,
Köýdürmesene!, gül açan ýaşlygyňy).
Men bolsa, çalaja, başym ýaýkalap,
Ýüzlendim: ( Ýitirdim men aşygymy).
Şol üç sözi, aýtmak, agyr degsede,
Kalp ýanyp, zyban başardy diýmäni.
Boýun alaýyn, söýgä baş egsemde,
Sen öwredensiň, Hangeldä söýmäni.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.