Ýaş şahyr 97
27.08.2023 14:55

Agyr günümde, hiç kimden kömek gelmedi,

Kaka, rugsat ber, menem indi  zulum boljak.

Çyn  dostlarym,    edilen    kömegi   bilmedi,

Kaka, rugsat ber, menem indi, zulum boljak


Barlygyñda, mätäç däl men, haramhorlara,

Dyzym  epip   ýalbarmadym,   parahorlara,

Başarsam, hemaýat berdim,  garyphorlara,

Kaka, rugsat ber, menem indi, zulum boljak


Çagalarña,  sada,  päk  bolmagy  sözlediň,

Juda, kynam bolsa, halal gazanç gözledim,

Kömek gerek diýse, janymy hem dözmedim

Kaka, rugsat ber, menem indi zulum boljak.


Bu dünýäde, naýynsaplaň ýoly, möwç alýar,

Binamyslaryň işi,   gün  saýyn   güýç   alýar,

Hangeldi,   şu goşgyňy okanlar,   örç   alýar,

Kaka, rugsat ber, menem indi zulum boljak.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

18
54
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.