Ýaş şahyr 97
14.09.2023 07:03

Owal  başda,  adam ogly,

Eneden ýalňyz dogmasyn.

Dogaýsada   sagat    jany,

Ýaşlykda hassa bolmasyn.


Mähremli   eneleň   ýüzi,

Mylaýym   gelinleň  sözi,

Söýenine     barsyn   özi,

Gyzlaryň güli  solmasyn.


Ärler gözüne, ýaş düzse,

Gelin   ärinden,  el  üzse,

Dul gelin, köçede gezse,

Daşyna sallah dolmasyn.


Ýigit bar, depseň yranmaz,

Ýigit bar,  gama gynanmaz,

Ýigit  bar,   ilde    sylanmaz,

Ýigdiň  ömri,   kül  olmasyn.



Dostuň erte, duşman bolsa,

Bahyl soňra, puşman bolsa,

Gözellige    joşman    bolsa,

Jennet hem ajap bolmasyn.


Hangeldi, dözümsiz  bolduň,

Gamlanyp göwünsiz bolduň,

Ah şeýdip, ömürsiz  bolduň,

Şygryň bir duzsyz bolmasyn.


Ýaş şahyr: Hangeldi Orazmyradow.

12
47
Ýaş şahyr 97
17 Noýabr 2023
@karalewa⁰⁷, salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.