Ogul öýlenip, gyz çykmaz,
Ýaman hatyn, bolan öýde.
Maşgala, bir agza bakmaz,
Ýaman hatyn, bolan öýde.
Içeriň bolar, tüm ýaly,
Däli bolarsyň, güň ýaly,
Dawa, galmagal, jeň ýaly,
Ýaman hatyn, bolan öýde.
Saçyň agarar ýaşlyňňa,
Gezer ýörersiň açlyňňa,
Günde iş borsuň başlyňňa,
Ýaman hatyn, bolan öýde.
Bäş ömür döwran sürmersiň,
Dostuňdan peýda görmersiň,
Il bilen gezip ýörmersiň,
Ýaman hatyn, bolan öýde.
Maşgalaň başy ýykylar,
Çagalaň ömri ýakylar,
Üstüňden. gülen tapylar,
Ýaman hatyn, bolan öýde.
Hangeldi dogan küýsärsiň,
Agzybir mähre suwsarsyň,
Arzuw däl, şatlyk islärsiň.
Ýaman hatyn, bolan öýde.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.