Ýaş şahyr 97
08.08.2023 22:25

Bilýän,  belkide,  küýseýänsiň  meni,

Ahmal, soraýansyň, tanyş ýakyndan.

Ýöne ýatla, unutmandym, men seni,

Özüň, çykyp gitdiň,  giren gapyňdan.


Şeýdip,  ýapyp gitdiň,  ýürek gapysyn,

Soňra, men ol gapa, adam salmadym.

Seniň  ýapan   gapyňa,    girjek   bolup,

Ençe  gözel  geldi,  myhman almadym.


Neneñ salyp, neneñ myhman alaýyn,

Açylmaz   ýaly,  özüň   gurup    gitdiň.

Indi,   aýralyk     mukamyn     çalaýyn,

Ýürek,     gürsüldüsini,  burup   gitdiň.


Şowhunly, sazlary,  diňlän pursatym,

Neçün,  ýüregime,   lezzet  tapamok,

Gaýgyly, mukam,  diňlände gursagym,

Derde derman bolýar, ezýet tapamok.



Diýdiler: ( Näme beýle, gamgynla sen?,

Köýdürmesene!,  gül   açan ýaşlygyňy).

Men  bolsa,  çalaja,  başym   ýaýkalap,

Ýüzlendim:  ( Ýitirdim  men  aşygymy).


Şol   üç    sözi,  aýtmak,   agyr degsede,

Kalp   ýanyp,   zyban  başardy  diýmäni.

Boýun   alaýyn,  söýgä   baş    egsemde,

Sen   öwredensiň,   Hangeldä   söýmäni.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

20
136
Ýaş şahyr 97
9 Awgust 2023
@Ýaş şahyr 97, @owadanym, tanşanma şat
Ýaş şahyr 97
9 Awgust 2023
Ýaş şahyr 97
8 Awgust 2023
@owadanym, adym Hangeldi.Ýylym 97.özüm ag.Indi siz
Ýaş şahyr 97
8 Awgust 2023
@owadanym, näçenji ýyl arzuw sen
Ýaş şahyr 97
8 Awgust 2023
@owadanym, owadan at
Ýaş şahyr 97
8 Awgust 2023
@6106, menem şat
Ýaş şahyr 97
8 Awgust 2023
@6106, 97
Ýaş şahyr 97
8 Awgust 2023
@owadanym, salam Adyňyz näme
g888
8 Awgust 2023
@Ýaş şahyr 97, Bileýalkasyn
Ýaş şahyr 97
8 Awgust 2023
@6106, Adym Hangeldi.Näçenji ýyl siz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.