Ýaş şahyr 97
12.02.2024 16:06
Kän gözledim, emma tapmadym,
Taňrym,  bir söwer  ýar  beräýdä.
Inçe   bilin,   guçup     ýatmadym,
Taňrym,  bir  söwer ýar  beräýdä.

Günüme,   kaýyl    bolar   ýaly,
Görküme,  maýyl   bolar  ýaly,
Buýrugma,  taýyn   bolar  ýaly,
Taňrym, bir söwer ýar beräýdä.

Ajy        günleri,    bile     ýeňjek,
Agyr     ýollara,     bile       eňjek,
Kyn pursatym-da, goldaw berjek,
Taňrym, bir  söwer  ýar  beräýdä.

Hangeldi,  kän   etme    pikir,
Allam        edeniňe      şükür,
Doga     edip,  etsem     zikir,
Taňryž, bir söwer ýar beräýdä.

ÝAŞ ŞAHYR:Hangeldi Orazmyradow.
Habarlaşmak üçin: +99363842143.
17
77
Ýaş şahyr 97
11.02.2024 08:31
Hemmäňize salam öwrenmeliň gelin-gyzlary.Ýetip gelýän ýigitleň baýramy mynasybetli, amatly bahadan, doganňyza, ýoldaşyňyza, söwer ýaryňyza, mähriban kyblaňyza islendik adama goşgy düzdürip bilersiňiz. Habarlaşmak üçin +99363842143.
15
28
Ýaş şahyr 97
10.02.2024 22:45
Dost diýenlem,ýene kemsitdi kaka,
Zalym boljak diýip,  bolup bilemok.
Söýen  gyzym, ýene  ynjytdy   kaka,
Zalym  boljak  diýip, bolup bilemok.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
11
20
Ýaş şahyr 97
07.02.2024 22:44
Jynsy   geýmek,kada boldy,
Asylly     türkmen     gyzlara.
Maşyn sürmek, moda boldy,
Asylly     türkmen      gyzlara.

Oglan bilen gürleşerler,
Söýýän diýip sözleşerler,
Sähel zada söwüşerler,
Asylly türkmen gyzlary.

Ýüzünde akar boýagy,
Daýaw ýigitdir soragy,
Indi   almazlar  oragy,
Asylly türkmen gyzlary.

Internetden  taý  gözlärler,
Garyp dälde baý  gözlärler,
Gymmat altyn şaý gözlärler,
Asylly   türkmen    gyzlary.


Eneden öwüt almazlar,
El  işi  ýada   salmazlar,
Bahana tapman galmazlar,
Asylly   türkmen     gyzlary.

Hançik öýlenmedik wagtyň,
Nowjuwan owadan çagtyň,
Kim açarka, meniň bagtym,
Asylly türkmen gyzlary.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
+99363842143
27
109
Ýaş şahyr 97
25.01.2024 14:44
Dost çalşarsyň jorap ýaly,
Her bir günüň  harap ýaly,
Süýji  zat ýok  şerap  ýaly,
Ýaman hatyn, öýe gelse.

Öýüňde maslahat gitmez,
Her çagaň  diýeni  bitmez,
Adamzat arzuwna ýetmez,
Ýaman  hatyn,   öýe   gelse.

Hassa bolsaň,  gelniň taşlar,
Bagtly  etjek,  gözläp  başlar,
Giç  düşünip,  gözün  ýaşlar,
Ýaman   hatyn   öýe    gelse.

Ogul  öýlenip,  gyz   çykmaz,
Gyzyň sorap, gapyň kakmaz,
Beýle durmuş, saňa ýokmaz,
Ýaman   hatyn    öýe   gelse.

Her   syryň    açylar  durar,
Ýaman söz  saçylar durar,
Toý-ýasdan gaçylar durar,
Ýaman  hatyn  öýe  gelse.

Şatlykdan nyşan görmersiň,
Il   kimin   gezip   ýörmersiň,
Güneş   doganda  örmersiň.
Ýamyn hatyn öýe gelse.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
Goşgy ýazdyrmak üçin+99363842143.
18
40
Ýaş şahyr 97
24.01.2024 11:11

sygyr 10manat

goýun 2 manat

towuk 0.20 teňňe


indi jemi 100 sany mal almaly. sygyram goýunam towugam almaly.Pulam 100 manat çykmaly.100SANY MALYŇ PULY 100 MANAT ÇYKMALY.Komentarýa ýazyň bilýänler.

15
75
Ýaş şahyr 97
23.01.2024 15:47
Dogany dogandan aýrar,
Ýaman hatyn,  öýe gelse.
Zyndan bolar, toýly jaýlar,
Ýaman hatyn,  öýe gelse.

Çilim, nasa, baş goşarsyň,
Arak    keýpine    joşarsyň,
Her  dürli   bela  duşarsyň,
Ýaman  hatyn, öýe   gelse.

Öýüň, gum-guk, mazar ýaly,
Çagaň   saňa,  azar  ýaly,
Dogan senden bizar ýaly,
Ýaman hatyn öýe gelse.

Saç agaryp, düşmek bilen,
Ýürek ýanyp, bişmek bilen,
Tanap ýüpün, işmek bilen,
Ýaman  hatyn,  öýe  gelse.

Özgeden mähir gözlärsiň,
Bi nika     süýji   sözlärsiň,
Ilden    aýbyňy     gizlärsiň,
Ýaman   hatyn,  öýe  gelse.

Ile çykma ýüzüň bolmaz,
Märekede sözüň bolmaz,
Belli mekan, käriň bolmaz,
Ýaman  hatyn,   öýe  gelse.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
+99363842143
17
64
Ýaş şahyr 97
22.01.2024 10:35

Ýatsam düýşümde, tursam huşumda,

Perzent dilärin, Taňrym senden.

Hemaýat bermedi bagt guşumda,

Perzent dilärin, Taňrym senden.


On üç ýyl çaga sese, zar boldum,

Ýyglaýyp il-içinde har boldum.

Belki men, bir naçara, ýar boldum,

Perzent dilärin, Taňrym senden.


Indi özümden, zürýat önmezmi?,

Öýüm uly şowhuna dönmezmi?,

Içimdäki harasat sönmezmi?,

Perzent dilärin, Taňrym senden.


Gyzlygym aýdym bilen saz maňa,

Doň kalbym, eretmäge ýaz maňa,

Täk dikrar juda-juda az maňa,

Perzent dilärin, Taňrym senden.


Bilmedim neçün, zürýat galmady,

Dert bary başymda, perýat galmady,

Mertlikden indi, gaýrat galmady,

Perzent dilärin, Taňrym senden.



Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.


Habarlaşmak üçin:+99363842143

19
62
Ýaş şahyr 97
20.01.2024 12:00
Hemmäňize salam öwrenmeliň agzalary.Ýetip gelen täze ýylda kim näme arzuw etdi?Mümkin bolsä komentarýada paýlaş.
14
32
Ýaş şahyr 97
19.12.2023 13:05
Jynsy   geýmek,kada boldy,
Asylly     türkmen     gyzlara.
Maşyn sürmek, moda boldy,
Asylly     türkmen      gyzlara.
19
112