Ýaş şahyr 97
25.01.2024 14:44
Dost çalşarsyň jorap ýaly,
Her bir günüň  harap ýaly,
Süýji  zat ýok  şerap  ýaly,
Ýaman hatyn, öýe gelse.

Öýüňde maslahat gitmez,
Her çagaň  diýeni  bitmez,
Adamzat arzuwna ýetmez,
Ýaman  hatyn,   öýe   gelse.

Hassa bolsaň,  gelniň taşlar,
Bagtly  etjek,  gözläp  başlar,
Giç  düşünip,  gözün  ýaşlar,
Ýaman   hatyn   öýe    gelse.

Ogul  öýlenip,  gyz   çykmaz,
Gyzyň sorap, gapyň kakmaz,
Beýle durmuş, saňa ýokmaz,
Ýaman   hatyn    öýe   gelse.

Her   syryň    açylar  durar,
Ýaman söz  saçylar durar,
Toý-ýasdan gaçylar durar,
Ýaman  hatyn  öýe  gelse.

Şatlykdan nyşan görmersiň,
Il   kimin   gezip   ýörmersiň,
Güneş   doganda  örmersiň.
Ýamyn hatyn öýe gelse.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
Goşgy ýazdyrmak üçin+99363842143.
18
40
manolya
26 Yanwar 2024
Erkegi erkek etýänem şoo ýaman hatynlarda :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.