Kän gözledim, emma tapmadym,
Taňrym, bir söwer ýar beräýdä.
Inçe bilin, guçup ýatmadym,
Taňrym, bir söwer ýar beräýdä.
Günüme, kaýyl bolar ýaly,
Görküme, maýyl bolar ýaly,
Buýrugma, taýyn bolar ýaly,
Taňrym, bir söwer ýar beräýdä.
Ajy günleri, bile ýeňjek,
Agyr ýollara, bile eňjek,
Kyn pursatym-da, goldaw berjek,
Taňrym, bir söwer ýar beräýdä.
Hangeldi, kän etme pikir,
Allam edeniňe şükür,
Doga edip, etsem zikir,
Taňryž, bir söwer ýar beräýdä.
ÝAŞ ŞAHYR:Hangeldi Orazmyradow.
Habarlaşmak üçin: +99363842143.