Ýaş şahyr 97
23.01.2024 15:47
Dogany dogandan aýrar,
Ýaman hatyn,  öýe gelse.
Zyndan bolar, toýly jaýlar,
Ýaman hatyn,  öýe gelse.

Çilim, nasa, baş goşarsyň,
Arak    keýpine    joşarsyň,
Her  dürli   bela  duşarsyň,
Ýaman  hatyn, öýe   gelse.

Öýüň, gum-guk, mazar ýaly,
Çagaň   saňa,  azar  ýaly,
Dogan senden bizar ýaly,
Ýaman hatyn öýe gelse.

Saç agaryp, düşmek bilen,
Ýürek ýanyp, bişmek bilen,
Tanap ýüpün, işmek bilen,
Ýaman  hatyn,  öýe  gelse.

Özgeden mähir gözlärsiň,
Bi nika     süýji   sözlärsiň,
Ilden    aýbyňy     gizlärsiň,
Ýaman   hatyn,  öýe  gelse.

Ile çykma ýüzüň bolmaz,
Märekede sözüň bolmaz,
Belli mekan, käriň bolmaz,
Ýaman  hatyn,   öýe  gelse.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
+99363842143
17
64
dmoo
23 Yanwar 2024
Gowy goşgy👍👍👍
Ýaş şahyr 97
23 Yanwar 2024
@indi, Minnetdar Taňryýalkasyn
Ýaş şahyr 97
23 Yanwar 2024
@sabyrly, Minnetdar Taňryýalkasyn.
alma___
23 Yanwar 2024
Gowy goşgy👍👍
sabyrly
23 Yanwar 2024
Ustunlik gowja çykypdyr like
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.