Ýaş şahyr 97
22.01.2024 10:35

Ýatsam düýşümde, tursam huşumda,

Perzent dilärin, Taňrym senden.

Hemaýat bermedi bagt guşumda,

Perzent dilärin, Taňrym senden.


On üç ýyl çaga sese, zar boldum,

Ýyglaýyp il-içinde har boldum.

Belki men, bir naçara, ýar boldum,

Perzent dilärin, Taňrym senden.


Indi özümden, zürýat önmezmi?,

Öýüm uly şowhuna dönmezmi?,

Içimdäki harasat sönmezmi?,

Perzent dilärin, Taňrym senden.


Gyzlygym aýdym bilen saz maňa,

Doň kalbym, eretmäge ýaz maňa,

Täk dikrar juda-juda az maňa,

Perzent dilärin, Taňrym senden.


Bilmedim neçün, zürýat galmady,

Dert bary başymda, perýat galmady,

Mertlikden indi, gaýrat galmady,

Perzent dilärin, Taňrym senden.



Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.


Habarlaşmak üçin:+99363842143

19
62
sabyrly
22 Yanwar 2024
@Ýaş şahyr 97, Ämin aýdanyñyz gelsin
Ýaş şahyr 97
22 Yanwar 2024
@sabyrly, Galamyň ýiti bolsun dostum
sabyrly
22 Yanwar 2024
@Ýaş şahyr 97, üstunlik
Ýaş şahyr 97
22 Yanwar 2024
@sabyrly, Taňryýalkasyn dost.nesip bolsa işleşip durarys.Enşalla
sabyrly
22 Yanwar 2024
@Ýaş şahyr 97, gaty dogry şoñ üçin dostana maslahat diýdimä sebabi herkim bir zady söýýar bogun sany kemrak bolansoñ okañda bökdäp gitýä şoñ uçin aýdypdym men üstunlik aýyplaşma senem pikirleriñ bolsa ýazyp dur meñkilere
Ýaş şahyr 97
22 Yanwar 2024
@sabyrly, @sabyrly, olam bolar her kimiň ýoly bar ýazyş ýoly aýry Aýry
sabyrly
22 Yanwar 2024
Bir perzent dilärin Hak Allam senden, yada Bir perzent dilarin Hak eýåm senden, diýip soñky jemleme setirlerñi jemleseñ iwadan görünäýjek ýaly akly satmak dal maslahat ustunlik👍
manolya
22 Yanwar 2024
@Ýaş şahyr 97, Ämin !
Ýaş şahyr 97
22 Yanwar 2024
@mawy, Howwa Belki Allajan ähli adamlaň arzuwna ýetirsindä
medik_
22 Yanwar 2024
@Ýaş şahyr 97, 👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.