awadan
08.01.2025 13:29
Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekenihekaýa 3- nji bölüm
Enesiniň telefony gadymy, düwmeli bolansoň oýun oýnap bolanokmyşyn.
—Hudaýberdi, öýüň hökümdarlygy Oguljahana geçipdir-dä?! Eliňden gamçy bilen jylawyňy aldyran bolsaň, indi sende ne pul bar, ne-de erk bar, ýöne “ata” adyň bilen “pylan aga” derejäň galypdyr-da!
—Wah, elden erk bir wagt—toýumyzyň ilkinji güni gidendir-le.—diýip, Hudaýberdi aga ýylgyrdy-da, çaýyny owurtlady. Ýa, onam gürrüň bereýinmi?
—“Dile geldi, bile geldi”. Aýdyp goýber indi—diýip, gara çaý içýän ýaşuly gop berdi.
—Aý, hawa-la, merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni—diýip, Hudaýberdi aga uludan dem alyp, käsesindäki galanja çaýyny owurtlap, gürüňini dowam etdirdi: —Biz toý edemizde, öýlenýän ýigit gelni bilen bir maşynda gelmek ýaňy düzügüne girip başlapdy. Gelnimiň ýanyna ýanyp duran kostýum-jalbarly, akja köýnekli, owadan galstukly, elime-de bir desse terje gül alyp barypdym. Gelnim keteniň içinde gyzyl çog bolup, ýarym-ýaş, sessiz aglap otyr (kim bilýä, öýünden çykyp gidýänine gynanyp aglaýamy ýa begenip), meňem oň bolup oturşyna gaharym gelýär. Çemeni gowşuranymdan soň, gelnime kürte atdylar, dabaraly sazy diňläp ýuwaşjadan ýöräp maşyna mündik, sag-aman öýe geldik. Maşyndan düşüp, ýoldaşlarmyň ýanyna ugradym welin, yzyma gaýtardylar—asyl öz öýmüze-de gelnim bilen bileje girmeli ekenim. Gelnim maşyndan çykyp, bize “ýör” diýýänçeler garaşyp duran ekeni, ol sag elini meniň çep bilegimden geçirensoň, ýaňy sag aýagym bilen bir ädim ätdim welin… çep köwşümiň üstünden gelnimiň akja köwşüniň ökjesi basyldy… çüňkli ökje aýagymdan parran geçendir öýtdüm; gözlerimden ot syçrap gitdi; gygyrman zordan saklandym-ow!.. Gelnimi öýe salyp, ol otaga geçip, jorabymy çykarsam, daraklygyma gan öýüpdir, hudaýa şükür, döwüg-ä ýok ekeni. Entegem awusy gidenok. Heniz-henizlerem çüňkli ökjeli köwüş görenimden, maňlaýym derläp basýar—diýende, diňläp oturanlar wakyrda berdiler. Ýöne men gepläp otyryn, siziňem-ä durmuşyňyz meňkiden üýtgeşik däldir-le, başyňyzdan geçiren gyzykly wakalaryňyzdan orta oklap oturyň, bu gün toý-a—hemmeler şadyýan bolmaly, gülüşip-degişip oturmaly! Halmyrat, kürüşgeli suwuňy aýdyp bersene! —diýip, loh-loh gülüp oturşyna käsesine çaý guýdy.
Aý, bor-laý… hökman-maý…— diýip, gara çaý içýän ýaşuly sypjak boldy.
—O näme, “kürüşgeli suw”? Näme hakda? —Geldimyrat aga gyzyklandy.
—Sen o wakany eşideňokmy şu wagta çenli? —diýip, Hudaýberdi aga, çäýneginden gözüni aýyrman sorady.
—Ýok, eşidemok.
—Goýsan-aý, bütin oba bilýär, seň bilmeýşiňi!—diýip, Halmyrat köpmanyly ýylgyrdy.
—Eşidemok-how, eşidenem bolsam ýadyma düşenok!—diýip, Geldimyrat aga çyny bilen gepledi.
—Ýaş döwrümiz bir-birimize gürrüň berişip, gülüşip heziller edýärdik, indi bir hili, gyzygam ýok-laý.
—Aýdaý-da, how! —diýip, Geldimyrat aga ýalbardy.
Halmyrat aga daş-töweregine nazaryny aýlap, del adamyň ýoklugyna göz ýetirensoň, ardynjyrap gürrüň berip başlady
—Bolan wakany gysgaldyp gürrüň bersem: nika gyýyldy, agşam ýoldaşlarym don bilen silkme telpek geýdirip, göter-göter edip äkitdiler-de, gelnimiň öňünde joňkardyp oturtdylar. Gelnim kürtäň aşagyndan ýüzüni görkezmejek bolup, gysymymdaky pullary aljak bolýar, açyp bilenok, meňem nebsim agyryp, ýumrugymy gowşatjak bolýan, ýeňsämde duran ýoldaşlarym: “Halmyrat, açaýma, açsaň heleýguly bolarsyň!” diýip gygyryşýalar. Gelnejelermiň biri iki başam barmagy bilen goşarymyň ortarasyna basdy welin, penjämiň öz-özi açylaýdy! Çep elimiň penjesinem şeýdip açdylar. Dostlarym gygyryşýarlar: “Oguldursun gelneje, jyzýaňyz, gelniň özi açmal-a!” Gelnejemiň piňine-de däl—olara barmysyňam diýenok. Nobat guşak çözlüşige ýetdi. Gelin görgüli iki eli bilen sermäp, guşagyň düwnini gözleýär—tapanok. Oglanlar guşagy çigim-çigim edip bilimde düwüpdirler. Menem gelnimiň gulagyna pyşyrdaýan: “Düwün arkamda” diýip. Düşbüje gelnim—Nurgözel, Oguldursun gelnejeme süýem barmagy bilen howada tegelek çyzyp görkezýär.
Dowamy bar ☘️
8
119
okyyjy
08.01.2025 13:03
Aýtsam dostym, eýýäm niçe wagt bäri,
Göwnüm tomus güni gary küýseýär?!
Gar ýagdy, derdime tapmadym däri
Göwnüm gül gunçaly bagy küýseýär.
Ynha, ýagmyr ýagýar dünýäni ýuwup,
Hasratly ýüregmiň agysyn duýup.
Göwnüm damjalary ýasama saýyp
Güneşli sapaly çagy küýseýär.
Güller açmaz bahar bilen bakyşman,
Siller akmaz gökde bulut çakyşman,
Duýgularym orta ýolda tapyşman,
Kalbym çöli, beýnim dagy küýseýär.
Ýigitlik ýalkymyn saçdy başymda,
Gözeller perwana boldy daşymda,
Däli gownüm, bir pelleden aşamda
Jahyllykda galan ýary küýseýär.
Durdymyrat Amangeldiýew
7
39
awadan
07.01.2025 16:01
Täze ýyl heseriHekaýañ soñy
— Seni gidirjek bolýan barmy?!
Bu gep Öweze dilden aýdylan däl-de, ýürekden çykan seda bolup eşidildi. Kenjekeýiñem häzir hut öz höwesinde, öz pikirinde oturanlygyny syzdy. Şundan soñ, ol öz haly bilen bolmady-da, höwese berlip dünýäni unudyp, gelniñ goşaryndan harsa tutdy-da, ony özüne çekdi…
Gelin birhaýukdan bir zat ýadyna düşüp: «Men häzir» diýdi-de, onuñ golundan zordanrak sypyp, diwardaky her gözi düşende ýigidiñ gitmelidigini ýatladyp duran sagady ornundan göterip aldy-da, gidip ony goñşy jaýa eltip geldi.
Bu wagt eýýäm moskwalylar telewizoryñ sahnasyny toýhana öwrüşip, bir-birlerini Täze ýyl bilen gutlaşyp, uly şowhun, uly päl bolşup, hezil tapyşyp otyrdylar.
* * *
Täze ýyl gijesi ýagan gar birki gün ýatansoñ eräp, zemin ýene öñki kaddyna gelip ugrady. Şol günleriñ birinde geologlaryñ maşyny iş saparyndan boşanlary otly badalgasyna alyp gelende Täze ýyly Aşgabatda garşylamaga giden öz kärdeşleriniñ biri Öweziñ golaýdaky demirýolçy gazagyñ jaýynyñ üstüne çykyp, ol ýerde üçek düzedip oturandygyny, bir nurana gelniñ aşakdan gerek-ýarak zatlary alyp berip, oña kömek berip duranlygyny gördüler.
____________________________
Şölmek* — (gazakça) — çüýşe
Agageldi ALLANAZAROW. Hekaýalar
🎄Soñy 🤗
9
114
awadan
07.01.2025 01:18
Täze ýyl heseriHekaýa 8-nji bölüm
Otly ýaly süýnüp geçip barýanlygy göz öñüne getirilen, gezegini geçirip, älemden hoşlaşyp gidip barýan köne ýyly saçak başynda oturanlar aýdym-saz, hoş sözler bilen gapdalyndan çykyp ugradansoñlar, onuñam Öweziñ ýañly münüp bilmedik otlusy ýaly, gapdaldan geçip barýanlygy bello boldy. Ýa-da onuñ geçip barýanlygy ýatlananda ol şuñs meñzeş bir duýgy döretdi.
Bireýýämden bäri gözleri bürlüp, ukusy tutup oturan garrylar telewizoryñ şowhunyna goşulyp, Täze ýyly öz ýagşy niýetleri bilen Aşgabada goşulyp garşylansoñlar:
— Siz indi Moskwanyñ Täze ýylyny garşylaman ýatmarsyñyz. Biz-ä halys uky bürdi, indi gidip ýataýmasak, halys bolar ýaly däl — diýşip, ýerli-ýerden gozganjyraşyp turşup, öz otaglaryna gitmek bilen boldular.
Goja donuny gysymlap turan wagty myhman ýigidiñ dañdanky otly bilen gitmelidigini ýadyna saldy, soñam ör galyp, özüni ugradyp duran Öweze ýüzlendi:
— Ana, onsoñ gitseñ, senem sag bol! — Pikirinde bolsa: «Biziñ öýe bir sen ýetmeýän ekeniñ, oglum!» diýip oýlandy. Köpden bäri Täze ýyly şeýle göwnejaý garşylanym ýadyma düşenok? — diýdi.
— Menem şeýle! — diýip, özüniñ bu öýde ak ýürekden myhman alynmagyndan göwni biten Öwez hem goja bilen hoşlaşyp durşuna mähirli ýylgyryp, onuñ bilen bir perdeden gopdy.
— Geolog bolsañ, golaýda hem ekeniñ, ýoluñ düşse, bir gazak atam bardyr diýip ýatlap gelip dur. Özüñ-de seniñ şyragym bolýan ýigit-de ekeniñ.
Ejesini otagyna ugradyp, añyrdan gelen Kenjekeý kakasydyr Öweziñ iki çüýşedeş bolup, bir-birlerinden aýrylyşaslary gelmän, henizem hoşlaşyp duranlaryny görüp, başyndaky ýaglygyny düzedip, olara düşünmek bilen göwnühoş ýylgyrdy. Şol gelşine-de baýramçylyk, şatlyk-şagalañdan ýaña ýarylaýyn diýip, uly şowhun bolup duran telewizoryñ burmasyny burup, onuñ şowhunyny biraz peseltdi.
Soñam gapdaly bilen ýöräp, kakasynyñ dombrasyny göterişip, ony öz otagyna uzadyp geldi. Ol yzyna dolanyp gelen wagty Öweziñ öñki oturan ýerinde oýurganyp, pikire berlip, sus oturanyny gördi. Kenjekeý gelip, saçak başyna täzeden geçensoñ, Öwez: «Eneñ-atañ bolsa, gör, nähili gowy!» diýip, uludan demini aldy. Onuñ özüniñ dünýeden ir giden ene-atasy barada oýlanandygy belli boldy. Kenjekeý gelip, Öweziñ golaýynda atasy üçin atylan ýumşak düşekçäniñ üstünde oturansoñ, mylaýym ýylgyryp, ýene-de myhmanyna saçagyñ üstündäki nazy-nygmatlardan hödür etdi:
— Nämedir bir zat iýip otursana, myhman!
— Beýle-de bir iýmek bolarmy?! Köp iýdik, süýjem bolupdyr.
Gelin saçak üstündäki boşan arak çüýşesine göz aýlap goýberensoñ, myhmana bir käse çaý guýup uzatdy:
— Onda bir käse çaý içäý!
— Çaý — başga gürrüñ? — diýip, Öwez gelniñ uzadan çaýyny göwünjeñ aldy.
Käsäni uzadyp süýnen wagty ýigidiñ demi haplap gelniñ ýüzüne urdy. Soñra gelni erkek adamyñ howurly deminiñ öz halyna goýmanlygy belli boldy. Kenjekeý ýüreginiñ urgusynyñ güýçlenip, agzynyñ balyk iýeniñ agzy ýaly taplap, kepip ugranlygyny syzdy. Şeýle-de bolsa, ol syr bermezlige çalyşdy. Öwez käsäni boşadansoñ, gelne hyrydar gözläp, ony gaýtadan uzatdy:
— Gowy çaý bolupdyr. Ýene bir käse guýup goýber! — Soñra-da ol gelne seredip, taryna kakyp görmek üçin henek atandan bolup gürledi. — Munuñ ýaly gowy toý saçagyny taýynlap, demini berip, şunuñ ýaly türkmeniñ halaýan çaýynam demläp bilýän bolsañ, men-ä gitmenem sizden! — diýdi. Ýylgyryp söz diñläp, käsä çaý guýup oturan gelniñ jogaby şundan soñ duýdansyzdan nagt boldy:
Dowamy bar ☘️
8
78
awadan
06.01.2025 20:32
Täze ýyl heseriHekaya 7-nji bölüm
Nahar taýyn bolansoñ, maşgala hiç neneñsi bolmadyk köne ýyly ugratmak niýeti bilen, pikirimde alysda mongalap gelýän mähirli çaga şekilli Täze ýyly garşylamak üçin myhman otagyndaky giñden ýazylan saçak başyna-da jemlendi. Bu wagta çenli içler syrylyp, ýagşy ajygylypdam.
Hoş bolup, bir zat ýadyna düşürip, turup giden goja ol ýerden bir eli dombraly, beýleki eli bir çüýşe arakly gaýdyp geldi. Ol dombrany öz oturjak ýeriniñ gapdalynda goýansoñ, getiren çüýşesiniñ boýnundan tutup, gökden düşen ýaly edip, mazamlap, saçak üstünde goýdy.
— Mimanga aýap ýörgen şölmegim*
Kenjekeý kakasynyñ bolşunt myhman birhiliräk görer öýtdümi-nämemi, gözastyndan ony synlap uýaldy.
Ilki olar bu ýylyñam özleri üçin hiç neneñsi bolmandygyny, adaty guragrakdan gelen parahat ýyl bolanlygyny ýatlap, köne ýyl bilen hoşlaşyk hökmünde ilkinji badany göterdiler. Öwez munuñ özüni ýat ýerde oñaýly duýmak üçin hiç neneñsi bolmanlygyny gönençlik bilen oýlady. Içginiñ goja hem kemje-kerdem bolmanlygy belli boldy. Ol şundan soñ geçi sakgalyny selkildedip, nahara has işdämen ýapyşdy. Kenjekeý ak bilegini eýläk-beýläk uzadyp, myhmana, özüniñkilere nahar-şordan mürähet edip, saçaga beýemçilik edip otyr.
Öweziñ şol barmana gelniñ şar-gara saçlaryny gerişläp, gelşikli edip ýeñsesine düýrleýşine ünsi düşdi. Ýakasy giñ, uzyn köýnegem oña gelşip galypdyr. Gelniñ gözleriniñ otlukly köräp, höwesli bulduraýanlygy hem onuñ ünsünden sypmady. Kenjekeý ilki myhman ýigidiñ indi maý tapsa, özüne içgin seredesi gelip durmagynyñ sebäbini onuñ kakasy bilen çakyşdyryp içýän içgileriniñ täsiridir öýtdi: ol kakasynyñ özi barada bir gadyrbilmeze duşup, gadyrdan gaçyp galanyny oña gürrüñ bereninden habarsyzdy. Goja muny ýañy gep arasynda ýüregine sygdyryp bilmeýän derdi hökmünde, gyzy içerde ýok wagty, ondan gizlin, gyzynyñ şeýdip hyrydarsyz oturanyna ata hökmünde özüniñ biraz kemsinýänligini mälim edip, ýañy ýigit bilen soraşyp-ideşip tanşyp otyrka, köräp gürrüñ beripdi.Gelin ýigit nazarynyñ özüni atymyna getirmek üçin kem-kemden golaýyna çekip barýanyny syzsa-da, birbada onuñ hyrydarlykdygyna-da, oýundygyna-da düşünip bilmedi. Dogrusy, gelniñ öz ýagdaýam häzir Öweziñkiden öwerlik däldi. Ol ýüzlenip, hödür edip, ol-bi zat barada gerek bolanda gysgaça dillenip oturşyna syny oturan myhman ýigidiñ ýolagçydygyny, onuñ tizden ugrap gitjekdigi barada biraz alada bilen ynjalykdan gaçýardy. Täze ýyl gijesinde dagy ýekeligi Hudaý görkezmesin!
Hezil edip iýip-içip, baýramçylyk keýpine berlip oturan goja birsalymdan derini gapdalyndsky süpürgijine süpürensoñ, höwes bilen dombrasyny eline aldy. Içerden oýmur-oýmur bulutlar göterilip ugran ýaly duýgular döräp ugrady. Uç-gyraksyz gazak sährasy bilen at ýorgaladyp barýanlar oturanlaryñ göz öñüne geldi. Bu saz Kenjekeýiñ göwnüni göterip, gazaklaryñ «Ýetip bilseñ, posa al!» atly ýigitdir ýar höwesli gyzyñ at üstünde gaçyşyp-kowşup, heziller edip oýnaýan söýgi oýunlaryny göz öñüne getirdi. Ol birazdan özüni näz bilen posa bermejekden bolan bolup gaçyp barýan gyzyñ keşbinde, Öwezi bolsa yzyndan kowup gelýän ýigidiñ ýerinde göz öñüne getiren wagty, hamala, höwesinden dörän bu gizlin pikir töweregine-de äşgär bolan ýaly, zenanlarça uýalyp, sülmüräp aşak seretdi. Adamlaryñ şeýdibem ýakymly sazyñ jadysyna berlip ugranlygy belli boldy. Goja soñra özüniñ gyryljyk sesi bilen ýokarsyna gözläp, hamala dodagy bilen ol ýerden bir zat gözleýäne meñzäp, çygjaryp, aýdym aýtdy. Öwez saçak başyndan biraz çekilip, aýdym diñläp, gussaly oýlanyp oturdy.
Içeriniñ gyzgyny göterilýän hem bolsa, daşarynyñ howasynyñ tenini gataldyp, sowaýanlygy belli boldy. Indi ýañky üçekden damýan damjalaryñ dammasy barha seýrekläpdi, soñra ol dammasyny düýbündenem goýdy. Üçege düşen gar eremez ýaly doñan bolmaly. Onsuzam ol «şyt-pyt» bir gapdalrakda bolansoñ, indi oña üns berýänem ýokdy.
Dowamy bar ☘️
10
83
enes_∞
06.01.2025 14:46

Dowamly ýadawlyk: sebäpleri, alamatlary we oňa garşy göreşmegiň usullary
Dartgynlylygyň we her günde aşa köp maglumat kabul etmegiň adaty ýagdaýa öwrülen häzirki döwründe köpler dowamly ýadawlyk meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Doly derejede dynç alanyňdan soň hem, ýadawlyk aýrylmaýan bolsa, bu ýagdaý saglyk ýagdaýyňy düýpli peseldip biler.
Bu töwekgelçilige kimler sezewar bolýar?
Dowamly ýadawlyk sindromy köplenç uly şäherleriň ýaşaýjylarynyň arasynda, esasanam, mugallymlar, lukmanlar, ýangyn söndürijiler, telekeçiler we ýolbaşçylar ýaly işde ýokary jogapkärçiligi bolan adamlaryň arasynda has ýygy duş gelýär. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýda hiç kim ätiýaçlandyrylmaýar.
Esasy sebäpleri:
Ýaramaz ekologiýa
Dowamly keseller
Wirus ýokançlary
Kadaly bolmadyk akyl we emosional dartgynlylygy
Dowamly ýadawlygy nädip bilmeli?
Esasy alamatlary:
Iş öndürijiligiňi 50%-den gowrak azaldýan 6 aý ýa-da ondan hem uzaga çekýän ýadawlyk duýgusy
Adaty işlerden tiz ýadamak
Keýpiň dessine üýtgemegi
Ukynyň bozulmagy
Ýygy-ýygydan kelläniň agyrmagy
Ýadyň we ünslüligiň peselmegi
Immun ulgamynyň gowşamagy
Temperaturanyň wagtal-wagtal ýokarlanmagy
Dowamly ýadawlyk bilen nädip göreşmeli?
Bu babatdaky bejergi lukmanyň gözegçiligi astynda geçirilmelidir. Şunuň bilen birlikde, özbaşdak görüp biljek çäreleriňiz hem bar:
Dogry dynç almak: ýylyň dowamynda iki gezek zähmet rugsadyna çykyp dynç alyň, her gün özüňize wagt aýryň.
Yzygiderli bedenterbiýe hereketleri: ýüzmekden başlap, ertirki maşklara çenli dürli hili bedeni taplaýjy hereketler bilen meşgul boluň.
Sagdyn uky: Melatonin öndürmek üçin, esasan, gijelerine 6 — 8 sagatlap ukyňyzy alyň.
Saglyk bejergisi: massaž we beýleki rahatlandyryjy usullar bedeniňiziň umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga kömek eder.
Alamatlara öz wagtynda üns bermegiň we bejergä dogry çemeleşmegiň dowamly ýadawlygy ýeňip geçmäge hem-de durmuşyň kadaly ýagdaýyny dikeltmäge kömek etjekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Üns beriň! Makala diňe maglumat bemek maksady bilen ýazylandyr.
Peýdalanylan çeşme: rpnd-rb.ru
7
227
awadan
06.01.2025 14:16
Merkiňi berseler erkiňem gidýän ekenihekaýa2-nji bölüm
maşyn sürmäni öwredäýmeli ekeniň-dä. Öý bilen mekdebiň arasynda-ha sürüp bilerdi—diýip, Geldimyrat degişdi.
—Oguljahan mundan has ýaş wagty, oýundanmy-çyndanmy—bilmedim, maşyn sürmäni öwret diýipdi. Täzeje “Moskwiç” alan döwürlerimdi. Obadan çete çykdyk. Men oňa aýdýan: “Maşynyň kürsisine geçmänkäň onuň daşyna bir gezek aýlanyp çykmaly. Tekerleri ýelini goýberip biler, öňünde-yzynda päsgelçilik bolmagy ähtimal, ýa maşyny kölegeläp it-pişik ýatan bolmagy mümkin… çaga oýnap ýören bolmagy mümkin…” Ol maňa näme diýýä diýsene! “Bu ýerlerde çaga, it-pişik nireden bolun? Sen maňa takal okama-da, sürmäni öwret” diýýär. Onsoň men oňa pedallaryň, ryçaglaryň näme niýetlendigini düşündirýän. Maşyny otlamakaň howpsuzlyk kemerini dakynmalydygyny, yz tarapy görkezýän aýnalara seretmelidigini aýdamda, ol: “A, birden maşyn ýoldan çykaýanda, daňylgy bolsam nädip böküp düşeýin?! Dakynjak däl. Aýnalara özüň seredersiň-dä; özüň aýtdyň-a: “Maşyn bir ýöräp ugransoň, eýläňe-beýläňe alakjaman, diňe ýoluňa seretmeli” diýip”. Maşyny otlansoň, ilki geçiren tizligi üçünji tizlik bolansoň, maşyn tapyr-tupur ýatdy. Gapdalynda oturan ýerimden birinji tizlige geçirip berdim. Maşyn dyzaýar, ýöne ýerinden gozgananok—men endigim boýunça, maşyndan düşen badyma el tormozyny çekegen-dä. Men oňa düşündirýän: tizlige geçirensoň, el tormozyny aşak düşürmeli, soň çep aýagyň astyndaky pedaly ýuwaşlyk bilen goýbemeli diýsem, ol näme diýýär: “Tizlige geçirenimden soň iki elimem rulda. Meň näme, üç elim barmy?! Özüň geçiräýmeli ekeniňdä!” diýýär. Maşyn bolsa dyzap dur; el tormozyny goýberdim welin, maşyn çarpaýa galdy, birinji tizligem bolsa arlap, eňip barýar; aýalym: “Waý” diýip, ruly sypdyrman barşyna öňünde nämeler bolup geçýänini görmejek bolup maňlaýyny rula goýýar. Elektrik sütüni bilen çakyşmakak açary yzyna towlap, soguryp ýetişdim. Keýwany maşynyň duranyna göz ýetirensoň, maňa igenip başlady: “Sen bilgeşleýin edensiň, maňa öwretmek niýetiň ýokdur” diýip, şumjardy-da, yzky oturgyja geçdi. Üç günläp gepleşmedi. Wah, özüm eýerde oturanam bolsam, jylaw eneleriniň elinde-le. Ine ýigrimi ýyldyr bu köneje «Moskwiçi» münüp ýörenime, ýöne «meň maşynym» diýmäge kanun boýunça hakym ýokdur—maşyn keýwanyň adyna.
Ilki bilen, «Kaka, sen ýüregagyryly, saňa agyr işlemek bolanok» diýip, elimden pilimi aldylar. Soň-soňlar bir tanyş dogtardan sorasam, asyl mellek işlemek ýüregiň birinji emi eken-ä. Aý, indi elden pil-kätmen çykyp gitdi-le. Soň ýeňňeň: «Ikimize indi pensiýa berilýän ýere baryp nobata durmaga gurbatymyzam ýok, ah-heý olaryň haçan geljegini hem öňünden bilip bolanok. Nobatyň ỳeterem welin, pul gutarar. Nepes jan aýdýar, pula derek dört barmak ýaly gaty kagyz oýlap tapanmyşlar, o kagyza her kimiň ady, familiýasy ýazylanmyş. Şol petegiň bilen ýörite pul berilýän sandyklardan islän wagtyň, döwletimiziň ähli kuünjeginden pensiýaňy, aýlygyňy alyp bolýarmyşyn. Nepes jan bilen gelin-ä eýýäm şol kagyzdan edinipdirler”. Günleriň bir güni ýeňňeň bilen meni banka äkidip, bir kagyza gol çekdirdiler-de, herimiziň elimize gatyja, ýalpyldawuk kagyzy tutdurdylar, ana, şondan soň ol plastik karty hem göremok, pensiýajygymam. Keýwany aýda bir gezek sowarlyk hem-de benzin pul berýär. «Hany, munuň galany?» diýip sorasam, ol: «Pullaryň dur, arkaýyn bol-aý, sandykda ýgygşyrylgy. Gerek wagty aýdaý, çykaryp bererin. Agtyklaň ýetişip gelýäni bar, olaryň okuwa gitjegi bardyr, toý etjegi bardyr, bizem olara keseki däl-ä, az-owlagam bolsa, zerur wagty ýardam berseň ýüregiň suwluja bor» diýýär. Agtyklaryň öz ata-eneleri bardyr-a, how. Biz çagalarymyza toý edemizde ene-atamyz barmydymy näme?! Ana, indi telefonam gitdi, pensiýa-da…
—Telefonyň ýanyňda ýaly-la.
—Hawa, edil şu wagt-a ýanymda, öýe baranymdan, «Ata, telefonyňy beräý-dä!» diýişip, ýalbaryp başlarlar. Ho-ol, giçlik, togy çökensoň getirip gidýäler.
— Enesiniňem-ä telefony bardyr, ýa ondan çekinýälermi?
Dowamy bar ☘️
7
110
flowers_
06.01.2025 08:13

Uly sorag
Şyrrygyn çykaryp gözel ömrüňi
Oturyp diýmelsi - "käşgemi", näme?!"
Wah, sada bol weli...
Ýöne göwnüňi
Oýnadyp ýörmäge - "şaşkamy", näme?!
Bizi oýnaýan: adam ýa sözlermi?
Ýa göwnümiz barypýatan çagajyk
Ynam diýýäniň şol şeýtan gözlermi?
Çig süýt emen, oýanaý-a azajyk!
Beýni bilen söhbet etmän hemaýyn
Elipden şermendä aldyryp ýörme!
Pyşyrdasa gulagyňda şelaýyn
Pagta bilen damak çaldyryp ýörme!
Kä sözler gylçyk deý galýar damakda,
Kä sözler düýbünden degýär mädäňe
Şeýdip göwni geçirberseň ýamakdan,
Ýamak göwün öwrüläýýär kadaňa
Barha-barha azalyp dur "saglaram"
Öz ugruna iterip ýör "çep bela"
Neçüýn meni süýreýär bu gamlaram
Neçüýn beýle bolup ýörün mübtela
Horazsyzam atyp durka daňlaram
Çuňňur oýa çümdirýärem öňkiler
Serde doly germesatan taňlaram
Ýa-da şeýle ejiz gelýä meňkiler
Ylham GURBANALYÝEW

8
90
cuore
05.01.2025 21:19
Mydam sarpañ beýik saklaryn seniñ,
Sen ýagyşly gijäñ bezegi, nagşy.
Tämiz duýgulara besläp edebiñ,
Bilýän, senem şu wagt synlaýañ ýagşy..
Bu gün bu setirleri okanyma laýyk 7 aý boldy. Bilýäñmi gadyrly okyjym birini ýürekden söýüp oña sylag hormatyñ çäksiz wagty, ol başga bir gyza şeýle setirleri ýazsa nähili ýagdaýa düşerdiñ?! Hawa ol ýagdaýy göz öňüne getirmek gaty kyn..ine indi men ol dünýäni terk edenimede 7 aý boldy. Men bu goşgyny näme üçin pozmadym bilýäñmi?! Senli ýatlamalar ýadyma düşende ony ýakymly däl-de ýigrenç bilen ýatlarym ýaly..
1
20
awadan
05.01.2025 19:12
Merkiňi berseler erkiňem gidýän ekeni hekaýa 1-nji bolum
Geldimyrat aga agtygynyň toý sadakasyna çagyran çagalyk dostlarynyň arasynda oturan ýerinden güpüň ýanynda duranlara gygyrdy:
—Hany, ýaňy gara çaý diýipdik welin, soňy bolmady-la!—diýip, gygyrdy. Soňra, gabat garşysynda oturan sakgaldaşynyň ynjalyksyz nazaryndan syrly bir zat okajak bolup, dikanlap seretdi-de,—Ýak, Hudaýberdi, günde günaşa görüşip durus-maý, oturalyň-da könäni ýatlaşyp, häzir çaýyňam gelýär!—diýip, bir gapdalda nardy oýnap oturanlara öwrülip,—Tirkiş, senem «şakyr-şukurňyzy» bir çeträkde oýnaýmaly ekeniň-dä! Ses-üýn alşyp bolanok. Hanha, erigiň kölegesi boşja dur!—diýip, öýlenýän ýigidiň kakasyna ýüzlendi. Tirkiş ýoldaşlary bilen kölegä göçenden soň,—oh-ow, düýn agşamdan bäri «şark-şark»—ýürege düşdiler-ä, how!
—Geldimyrat, seň özüňem-ä «şeş-beşi» gün sypdyrman oýnaýadyń, ýadyňdamy?—diýip, ýoldaşlarynyň biri gülümsiredi.
—Aý, hawa-la, ýaşlyk döwrümiziň başdan geçirmelerini çagalaň bilen agtyklaryňda-da görýän ekeniň.
—Aý, edil nokatma-nokad-a bolanok ekeni. Şu wagtky ýaşlaryň aşyk oýnaýanyna duşduňmy? Olardan sorap göräý, çiligiň nämedigini bilýälermikä? «Telefon» diýen bela döräp, çagalaň barsyny daňyp goýdy.
On-on iki ýaşly oglanjyk her elinde göterip gelen çäýneklerini Geldimyradyň öňünde goýuşdyryp durşuna, ýaşulylara ýüzlenip:
—Essalawmaleýkim!—soňra süýem barmagyny çäýneklere uzadyp, atasyna ýüzlendi,—ynha, ata, bu-la—gara çaý, bu-da—gök çaý—diýdi-de, jübüsinden telefonyny çykaryp, gitmäge synanyşanda, atasy:
—Oglum, sen hem nardy oýnap bilýämiň?—diýip, ýoldaşlaryna nazaryny öwürip, ýylgyrdy.—Hawa-laý. Internetde näme oýun diýseňem bar-laý.
—Aşyk hem barmy?—diýip, ýaşulylaryň biri sorady.
—Ýok, aşyk ýok.
—Ýogsa-da, aşygyň nämedigini bilýämiň?
—Hawa. Togalajyk süňkdür-dä, çorbaň içinden çykýan.
—Şoň oýnalýanyny bilýärmiň?
—Eşidipdim, ýöne oýnap göremok.
Agtygy gidensoň Geldimyrat:
—Ynha-da, bular ne çiligi bilýärler, ne-de aşygy. Uzakly gün telefonlary bilen, tä ýatýançalar—edil bagyrlary badaşan ýaly. Soňa-baka bular adam bilen sözleşmäni hem ýatlaryndan çykararlar, öňem-ä ene dilimizi düşnüksiz saýry sözlerden doldurdylar.
—»Haý-da-waý», «waý-da-faý». Bir-birlerine özleri düşünýändirler-dä, elbetde. Diňleýän aýdymlarynda-da ne owaz, ne many bar: «rep» diýdimi, «dep» diýdimi—it suwa siýen ýaly—diýip, gara çaý içýän ýaşuly janykdy.
—Içigar diýsäni, indi telefonlaram üýtgäp dur-a, how! Öň düwmelije ykjamja telefonym bardy, muny duýman durkam, emedekläp ýören kici agtyjagym çaýly käsäme oklap goýberdi. Käsede agdaryldy, çaýam döküldi—şo gysga wagtyň içinde telefon yzgar çekip ýetişipdir. Men aýdýan agtygyma: «Köşek, çaýly käsäň bir özüni ejeň täzeje halysyna agdaran bolsaň abraýly bordy» diýýän. Oglum telefonlaryň täze çykan görnüşleriniň birini alyp berdi. Aýnasyna barmak basylýany. Ony hem entek doly öwrenip bilemok, diňe jaň gelse alyp gepleşip bilýän. Şular ýaly märekeli ýerde otyrkam, (esasanam ýas ýerde) oňaýsyz ýagdaýa düşýän: agtyklar mekdepden til kakýarlar—sapaklary gutaryp öýe gaýtmaly. Olaryň ejelerem, kakalaram, enelerem işde. Mekdep uzak bolansoň, eneleriniň hem alyp gaýtmaga ýagdaýy ýok—bir topar sapaklary bar. Ynha, hä diýmän jaň kakylyp başlanar. Bularyň okuwy hem bir wagtda gutaranog-a—ýöne mekdep bilen öýüň arasynda gatnap durmaly—diýip, Hudaýberdi çaýyny owurtlady.
—Beýdip kösenip ýörmän, gelnejeme
Dowamy bar ☘️
7
123