awadan
14.05.2025 17:02
Duýgur göwnüň küýsegi 1-nji bölüm
«Sag-aman ördüňizmi, mähriban adamlar?!».

Ýene-de şol ses, şol mähriban ses. Men indi näçe wagt şu sesi edil çägäniň Güne ýyldyraşýan düwürjikleriniň suwuň her damjasyny kükregine gysyşy ýaly, ony kükregime gysýaryn. Şondanam ýüregimde saz çalynýar, menem saza meýmiräp tans edýärin.

…Bu ses meni her gün agyr duýgulardan hem-de tukatlykdan halas edýän ses. Ony ilkinji gezek Çary kakamyň kişmişlerimizi ýerläp, şonuň puluna-da telefon satyn alnyp gelen güni eşidipdim. Telefonyň özem mellegimizdäki garaluw ýaly bolup bişýän, ýapraklaryň arasyndan gymmat bahaly monjuk ýaly özüni güjeňleýän üzümlerimiziň girdejisinden alnandygy üçinmi, gözümize yssydy. Diňe üzümem däl, jigim ikimiz ejem jan bilen kakam jany ýatladýan ähli zatlara mährimiz ganman serederdik. Öýümiziň içi, onuň diwarlary, köne sandygymyz birwagtlar olaryň demleriniň siňendigi üçinmi, mukaddeslik bolup görnerdi. Üzümlerini köpeldip, köp iş edýändigimiz üçin, ejem jan bilen kakam jan hem bir ýerlerden bize guwanyp, syn edip duran ýalydylar. Elimiz işlese-de, küýümizde şu zatlardy. Çary kakamyň:

— Köşek, görýäňmi, şujagaz ýerdenem, bir hojalygy gurat aýlap boljak — diýmesem, üzümler ýöne däl bolany üçindi.

Çary kakamyň telefon alnan güni daňdan ejem pahyr düýşüme giripdir. Üzümli pelimizde bir zada garaşyp otyrmyşyn.

— Eje jan, men seni şeýle bir göresim geldi. Indi gitme!

Onuň gujagyna özümi oklaýaryn. Ol hem meni gujaklanok-da, yza tesýär. Menem oňa tarap ýetjek bolup dyzaýaryn. Şeýle bir urunýaryn. Janhowluma demimi alyp bilemok. Şol halat aňyrdan kakamyň sesi eşidilýär:

— Oglum, üzümlerimiz gowy getirdimi?

Onuň suduryny duýýaryn, birdenem tüwdürilip gidýärin. Ullakan harsaň daş ýaly kesekler meni ýöredenok. Özümi oňarman, başym çaşýar. Urunýaryn, ejeme welin ýetip bilemok. Soň birdenem üzüm hakdaky pikir kelläme gelýär: «Olar menden üzümlerini soraýandyrlar».

— Kaka, üzüm iýjekmi? Sen üzümi gowy görýäň.

Elimde-de üzüm salkymymyka diýýärin.

— Kaka, kaka jan! Iýesiň gelýär-ä, me, üzüm bişdi…

Öz sesime tisginip oýandym. Men käbämi öler ýaly küýseýärdim. Içim-içime sygman möňňüripler aglasym geldi. Oýaly-ukuly äpişgä seretsem, penjireden daň şapagy gyzaryp görünýär. Ejem pahyryň: «Daňdan çagy, Günüň dogup gelýän çagy, ikindinler aglamak aýyp» diýýäni küýüme geldi-de, agymy basmaga çalyşdym. Içim şol wagt şordan ýaňa jaýryk atan adyr ýaly tüsseläp dur. Birsellem ýene irkiljek boldum. «Ömürlik turman ýatsam, özem ýaňkym ýaly, ejem dagynyň ýanynda bolsam-da». Bu meniň göwün ýüwürtmäm däl, ýüregimiň sesi. Şol wagt birden ýüregim süllerip, iň soňky deminde damjadan ýüzi terlenen güljagaz ýaly, açylyp gitdi. Öz gulagyma ynanman, diňşirgenip, edil howadan süýji bir zady gapyp alýandyryn diýip ýatyryn.

DOWAMY BAR ☘️
12
261
smiling_
18 May 2025
@sazsoft, Täsin 🙄
sazsoft
18 May 2025
@smiling_, Bilemok 🙄
smiling_
18 May 2025
@sazsoft, Näme üçin 5 dälde 4 🤔
sazsoft
17 May 2025
@awadan, 😂 Hekaýadan surat has gyzykly ýaly (adamyň ýaşyna görä gyzyklanýan zadam üýtgeşik bolaýýan eken) 🙃 + soragyňyza jogap: Ýok, bular ýaly uzyn zat bolsa okamaýan men, 4 minutdan uzyn wideolary, filmlerem göremok, görsemem 2 sagatlyk filmiň islendik ýerinden tutup 4 minutda çenli görýän 🤦🏻‍♂️
maral1991
16 May 2025
Berekella
awadan
16 May 2025
@sazsoft, Hekayany okadyňyzmy ? Nähili eken gyzyklymy ?
sazsoft
16 May 2025
Suratdaky?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.