Duýgur göwnüň küýsegi 3-nji bölümdiýip söýgüleýärdi. Setdar, Serdar — inim ikimiz. Baky, Wepa — ejem janyň arzuwy. Indi dünýä inmeli ekizleriniň adyny onuň özi saýlapdy. Şol telefon alnan, ondaky radioda ejemiňkä meňzeş sesli gyzyň gepleşigini ilkinji gezek diňlän günümdäki ýaly, şol gün hem düýş görüpdim. Näzijek, çaga ýüregim bir zat syzan ýaly, ejemiň ýanyndan gidesim gelmedi.
— Eje, seniň ýanyňda ýataýaýyn! — diýip özelendim. Ejemiň ýanyndan aýrylsam, ýüregim ýarylyp barýan ýaly gorkdum.
— Kiçikä ejeçil bolan çagalar soň gaty batyr oglanlar bolýarlar — diýip, ejem meni gujagyna gysdy. Men bir käbämiň, bir-de kyblamyň boýnundan aslyşýaryn. Soňam guzy ýaly myrlap ýatypdyryn. Ýarygije ejem:
— Sowujak suw alyp gel, Setdar jan düýşürgändir — diýdi. Men, dogrudanam, şol gün elhenç düýş görüpdim. Iň gowusy, ony ýatlamaýyn.
— Näme düýş gördüň?
Ejem meni gujagyna gysyp, şonda gulagyny agzyma tutup sorady. Men diňe onuň ýylyjak demine meýmiräp, oňa gysmyljyradym.
— Bolýa, oglum, gorkunç düýş gören dälsiň, gowuja düýş görensiň — diýip, ejem elimi boýnundan aýyrmakçy boldy. Men:
— Ýok, — diýip elejiredim, — gowy bolman geçsin — diýdim. Şol wagt gören düýşümi unudan ýaly boldum. Ýogsam ol gaty gorkunç düýşdi.
— Oglum, meniň gujagymda ýatyber, sen ullakan bolupsyň, ejeň gujagyna sygaňok indi.
Kakamyň ýeserje ýylgyryşy göz öňümden ömrem gitmez. Men ejemiň gabaranyny duýýardym.
Jigim Serdar:
— Kakamyň gujagynda ýat! — diýip, maňa uly adam ýaly bolup maslahat bererdi.
Onuň ýeserjeligine haýran galaýmaly.
— Setdar, Setdar, tursana! Gitmeli boljak öýdýän.
Men ýerimden zöwwe galdym. Şonda iň soňky gezek mähribanymyň sesini eşidýändigimi bilmesem, näme?!
Eýýäm hemme zady görüp duran ýaly, Aýgül gelnejem geldi. Ol meni gujagyna aljak boldy. Men wägirdim.
Kakam öýden çykmankalar, jigim ikimiziň ýanymyza geldi:
— «Ikiňiziň heriňize bir oglan jigi alyp berjek» diýip, size söz beripdik. Akyllyja boluň!
…Biz olaryň ýola düşenini ulagyň sesinden eşidip ýatdyk. Men Aýgül gelnejemiň höre-köşesine pisint etmän olaryň yzyndan zörledip agladym. Halys elde-aýakda duramokdym, soň sesim has hem gataldy. Stoljygyň üstündäki telefona elimi uzadyp aglaýardym. Bu meniň: «Jaň edip kakamyň sesini eşitdiriň» diýdigimdi. Aýgül gelnejem düşündi. Men telefona ýakymsyz sesimi edip gygyrdym. Birdenem telefonda ulagyň elhenç jygyldysy eşidildi. Aýgül gelnejem:
— Gohuň bar bolsun, näme boldy?! — diýdi.
Soň ol meni ýerde goýdy-da, öýlerine ylgap gitdi. Menem şol myrtar sesimi edip agladym. Ol:
— Aglap, durar ýerde durmady diýdim-le, ahyrynda bir zadyň üstünden bardy-da
— diýip, maňa gahar etdi.
Soň biz olara gitdik.
Şol gün hem biziň iň süýji, iň eziz günlerimiz soňlanan eken.
Meniň aglaýan sesimi eşiden kakam özüni ýitiren bolmaly, ulagyň ýoldan çykanyny duýmandyr. Serdar şoňa, kiçi hem bolsa, düşündi. Şol günler:
— Sen samsyk bolmadyk bolsaň, kakam heläk bolmazdy. Sen — samsyk — diýip, käteler maňa azar berip aglady. Şol günlerde jigimiziň doglandygyny Aýgül gelnejemiň:
— Atlary pahyryň öz aýdanydyr: Baky, Wepa. Unutmaweriň! — diýip, telefonda aýdan wagty eşitdik.
Şondan soň Aýgül gelnejem üçin kyn hem ýakymly günler başlandy. Ol bir tarapdan özüniň ogully bolandygyna begenýärdi. Ikinji bir tarapdan bolsa, azarymyz ýetikdi. Bu ejemiň sesini edip gepleýän gyzyň gepleşigini diňläp başlaýançak dowam edendir. Men esli oglan bolsamam, ejemli, kakamly günleri küýseýärdim. Ykbalyň bu ýowuzlygy janymy örteýärdi. Hiç köşeşip bilmeýärdim. Ýetim bolsaň, ýarym göwün bolýan ekeniň. Saňa näme hezzet edäýsinler, gözüňe görnenok. Ýogsam şol wagtlar ýaşlary elliden agan Çary kakam bilen Aýgül gelnejeme iki hojalygyň keşigini çekmegiň aňsat däldigine akylym ýetýärdi. Olaryň yhlasyny ýere çalmajak bolup jan edýärdim.
Dowamy bar ☘️