flowers_
20.05.2025 01:25

DIŇE SEN

Kölegeler gündogara uzapdyr,
Basym aýyň kölgesinde galaryn.
Hiç kim duýmaz duýmaýanny hiç
kimiň
Meniň munda dert içinde galanym.

Ygtyýarym yşka berdim – yryldym,
Urundym sowallaň girisinde kän.
Saňa barýan ýollaň başlanýan ýeri
Ömür kitabymyň niresindekä
Bilmedim,
Bilenim özüňe aýan.
Ýagtylt yşkyň bilen ýüregmiň törün.
Belki menden garaşýansyň köp zada,
A men bedenime duwlanyp ýörün.

Giňligime darygardan ejiz men,
Tamakin däl dünýe atly telbeden.
Derdim belli: öwrenişmek kyn maňa,
Del bir dünýä.
Del adamlar.
Del beden.

Kölegeler gündogara uzapdyr,
Basym Aýyň kölgesinde galaryn,
Hiç kim duýmasa-da, bir sen duýarsyň
Meniň munda dert içinde galanym.

Mukam Muhamow.

7
60
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.