Duýgur göwnüň küýsegi 4-nji bölümOlar welin, barybir, ýüregimdäki mähribanlarymyň ornuny tutup bilmeýärdi. Käteler öz-özümden öýkelemek gylygym bardy. Muny çagalykdan ynjyk häsiýetliligimden görselerem, ejem dagyny küýsemekden edýänime Çary kakamyňam gözi ýetmän duranokdy. Has kiçi wagtlarym: «Sen aglasaň, menem aglajak» diýip, Aýgül gelnejemem käteler meniň bile bile aglaýardy. Soň ulaldyk, köne ýaranyň emi wagt ekeni. Ine, şol günem radiodaky gyzyň sesi bizi ýene şol günlere gaýdyp getiripdi. Radioda gepleýän gyzyň sesi ediljek ejem pahyryň özüdi. Şonuň üçinem «Sag-aman ördüňizmi?!» gepleşigi başlandygy biziň öýümizde gaýda-gaýmalaşyk başlanýardy. Gyzyň mylakatly sesine ukudan oýanýardym.
«Perzentleriňiz öz öýüne wepaly, ygrarly perzentler bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň manydan doly, bahar bägülleri ýaly owadan jümleleriň çemeni bolan «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda belläp geçişi ýaly, olar iliniň serdary, öýüniň hany bolsun!» diýerdi welin, hamala, bu sözleri ejem jan bir ýerlerden illere aýdyp duran ýalydy. Şeýle ýakymly hem mähir bolup duran sesi diňe ejem jandan eşidipdim. Başga adamlar meni näçe eý görselerem, olaryň sesinden onuňky ýaly mähir duýulmaýardy.
Radiodaky mähriban ses ejem janyň çagalygymda aňyma siňip galan mylaýym sesini ýyllardan, aýlardan maňa sary alyp gelýärdi.
…Men niçeme ýyllap bu sese zar bolupdym, ýitigini gözläp surnugan awçynyň ýagdaýy meniňkiden gowudyr. Ol ahyrynda awunyň şowly boljagyna umyt edýär. Meniň ejem janyň, kakam janyň indi dolanyp gelmejegine akylym çatyp durdy.
«Sag-aman ördüňizmi?» gepleşigindäki alypbaryjy gyzyň sesi janyma rahatlyk berýärdi. Men radiodan onuň sesini eşiden badyma, şähdaçyklyk bilen mellegimize çykýardym.
Mellegimizdäki üzümiň puluna alnan telefon ýyl aýlansa-da könelmedi. Men her gün «Ertiriňiz haýyrly bolsun!» gepleşigindäki gyzyň sesini hyýalyma getirip ýaşaýardym. Ol ses bir ýerlerden mähriban bir adamyň maňa ugradýan göze görünmeýän duýgudaşlygydy. Ejem janyň mährine suwsan kalbyma diňe şol ses şypa bolýardy. Mähre doly şol dünýäden hem bir güýç syzylyp, Günüň şöhleleriniň ýere goluny atyşy ýaly, ol maňa salgym atýardy. Şol günler hem meniň hyýalyma alypbaryjy gyz kürsäp girdi. Onuň sesi hyýalymda mydama eşidiler durardy, ondan men özümçe keşp döredipdim. Ejemiňkä meňzeş owadan sesli gyzyň ýüregi hem owadan bolmalydy. Ol gyz elýetmezlikdi, meniň arzuwymdy. Ses tolkunlary hakynda fizika mugallymymyzyň aýdanlaryny sesimi çykarman diňlesemem, sesiň adamyň häsiýetini aňladýandygy hakynda onuň aýtmandygyna geň galypdym. Meniň diýýän zadymyň fizika dahylly zat däldiginiň pikirini edemokdym.
— Ses adamyň häsiýetinem aýdýar — diýip, men synpdaşlarymyň arasynda öz pikirimi aýdanymda, olaryň gaty geň görenlerem boldy. Soň: «Ejem janyň mähirli sesi» diýip, düzme ýazypdym. Şol düzmäm bilenem etrabymyzda geçirilen ders bäsleşiginde ýer alypdym.
Hawa, ýyllar geçse-de, şol gepleşige yhlasym üýtgemeýärdi. Şol gepleşigi diňlemek, onda-da ne diňlemek, alypbaryjy gyzyň sesi bize irden rysgal paýlaýan perişdäniň sesi bolup eşidilýän ýalydy. Çary kakam bilen Aýgül gelnejemem oňa endik edinipdi. Bir gezegem olar bu gepleşige hat ýazdylar (muny meniň göwnümi götermek üçin eden bolmaklaram mümkin!). Çary kakam: «Şu gepleşigi yzygiderli diňleýäris, onuň döredijilik toparyna hoşallyk bildirýäris» diýip, öz ýazanlaryny okap başlady welin, men:
— Onda esasy gowy ýeri alypbaryjynyň gowulygynda — diýip mydyrdapdym. Ony bir gün görerin diýen inçe umydym bardy.
Özüm ýalylaryň jahyllyk edip, gyzlara habar gatýan ýaşlaryndakamam, alypbaryjy gyz hakynda oýlanýardym. Ejem janyň mähribanlygy ýaly mähribanlygyň diňe şol gyzda bardygyna şeýle bir ynanýardym welin, ol düýbünden nätanyş hem bolsa, meniň üçin iň ýakyn adam ýalydy. Bir gezek oňa düşnüksiz hat ýazyp kelesaňlyk hem etdim… Bolsa-da, ony jigim elimden aldy. Ýogsam men ony göni redaksiýa, şol gyzyň adyna ibererdim.
Dowamy bar ☘️