yurek
21.04.2024 21:01
Bu gezek şeýle boldy. Şol gün Nazaryň iş ýerinde Aşgabatdan gastrola gelen teatryň spektaklynyň örän gyzyklydygy hakynda gürrüň boldy. Nazar hem işdeş ýoldaşy Mäti bilen agşam şol spektakly görmäge teatra bardylar. Olar biraz gijä galyp barypdyrlarmy, petek alyp girenlerinde zal tomaşaçylardan doludy. Petekde ýazylan ýerlerini tapyp, oturmakçy bolanlarynda özleriniň ýeriniň gapdalynda oturan gyza nazary kaklyşan Nazaryň ýüregi jigläp git¬di. Bu Keýikdi. Keýik ýanyndaky gyz bilen gürleşip oturşyna, gapdalyndaky boş ýere gelip oturanyň kimdigine üns bermedi. Gyzlaryň gürrüňi gutararyna mähetdel Nazar:

— Salam, Keýik! — diýdi. Gyz gapdalyna ýalta seredip, Nazary tanady:

— Wiý, bu sizmi?

— Näme, men özüme meňzämokmy? — diýip, Nazar ýylgyrdy.

— Meňzeýäniňiz üçin soradym-da — diýip, Keýik hem mylaýym ýylgyrdy. Şol wagt zaldaky yşyklar öçüp, sahna ýagtylandy, spektakl başlandy.

...Daşary çykanlarynda Nazar:

— Keýik, seni öýüňe çenli ugratmak

mümkinmi — diýdi. Gyz bu teklibe garşy däldigini bildirmän:

— Gerekmi şu... ugratmak? — diýdi.

— Gerek bolansoň aýdýan-da — diýip, Nazar ýylgyrdy.

Keýik soňra ekabyrlanyp:

— Näme üçin gerekdigini aýtsaň razylyk bereýin — diýdi.

— Ony ýolda aýdýan.

—Aýdanyň maňa ýakmasa, öýkelederin. Şoňa razy bolsaň gidäýeli!

— Men razy, gitdik! Keýigiň boýdaşy bilen Nazaryň dosty öz ugurlaryna gitdiler. Olar bolsa başga ugra ýöneldiler. Ýolda Nazar Keýigiň aşaklyk bilen özüni synlaýandygyny aňyp, özüniň nähili hem bolsa gyzda bir ýakymly täsir galdyrandygyna gözýetirdi. Keýik onuň ýolda aýdaryn diýen sözüne garaşdy.Ýöne Nazar nämäniňdir pi- kirini edip, dymyp gelýärdi. Onsoň Keýigiň özi soramaly boldy:

— Ýolda aýtjak diýeniňi aýtmadyň-a?

—Aýtjagym... Telefon belgiňi beräýseň...

— Meniň telefon belgim saňa näme üçin gerek,oglan?

— Men seniň şunuň ýaly soragyňa duralgada jogap beripdim — diýip, Nazar ýylgyrdy.

— Jogabyň ýadymda. Bolýar, juda gerek bolsa bereýin — diýip, Keýik mylaýym äheňde aýtdy.

Keýigiň el telefonynyň belgisini bermegi Nazar üçin elýetmez bagtdy. Çünki ol bu agşam öz bagtyny tapanyna ýüregi bilen ynanýardy.

Arazgeldi ÝEGENOW,
22
84
yurek
18.04.2024 14:06
Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:

— Awtobusa yzky gapydan münülýändir-ä — diýip gatyrgananda:

— Bagyşlaň, akylly gyz! — diýip, Nazar ötünç soran boldy.

Gyz ýigidiň özüne «Akylly gyz» diýip kakdyranyna hiçzat diýmese-de, nägilelik bilen garap gitdi.

Awtobus on bäş minut çemesi ýol geçip, Nazaryň düşýän duralgasyna golaýlanda onuň oturan oturgyjynyň aşagyndan el telefonynyň jaňy eşidildi. 0l haýran galmak bilen sermelenip, eline ilen telefony götereninde, imodan gelen jaňda häli gapyda çaknyşan gyzyň keşbi göründi. Nazaryň keşbi gyzyň jaň eden telefonynda görnen bolsa gerek.

— Wiý, telefonymy siz tapdyňyzmy?

— Hawa, awtobusda oturan ýeriňizde galdyrypsyňyz.

— Indi, sizden telefonymy nädip alarkam?

— Meni tapjak bolup azara galmaň, özüm elinje eltip beräýerin.

— Siz meni nädip tapmakçy?

— Bizi ilki sataşdyran duralgamyzdan taparyn. Çenim çen bolsa, siz şol duralga golaý bir ýerde işleýän bolmaly. Işden çykjak wagtyňyzy aýtsaňyz, men şol ýere guş deý uçup baraýaryn — diýdi.

Gyzyň şähdi açylyp güldi:

— Bolýar. Men şol ýerdäki çagalar bagynda işleýän. Işden soň şol duralga çykaryn — diýip jogap berdi.

Şol sözden soň Nazar işde otursa-da, hyýalyndan gyzyň keşbi gitmedi, göz öňüne geldi durdy. Belleşilen wagt golaýlaşandan ol işinden irräk çykyp, şol duralga geldi. Gyz hem köp garaşdyrmady. Jorasy bilen duralga tarap gelýän gyza gözi düşen Nazaryň ýüreginiň urgusy artdy. Ýanyndaky jorasynyň:

— Keýik, ertire çenli hoş! — diýenini eşiden Nazar gyzyň adyny bilip galdy. Uzyn boýly, gara gözli, ak ýüzli gyz ýylgyryp Nazaryň ýanyna geldi-de:

— Salam, guş deý uçup geldiňizmi? — diýip, degişme äheňinde gepledi.

Nazar onuň çekinmän, birden beýle degişmä geçenine haýran galyp:

— Özümiň aýdyşym ýaly, siziň gaýtalaýşyňyz ýaly bolup gelendirin, Keýik gyz! — diýdi.

— Tüweleme, eýýäm adymam, boýdaşymyň agzyndan kakyp alypsyňyz-a.

— Gerek zadyňy nädip alsaňam almaly bolýar.

Onýança awtobus geldi. Gyz:

— Hany, telefonymy beriň! — diýip, Nazaryň elinde tutup duran telefonyny aldy-da: — Sag boluň! — diýip, howlugyp awtobusa mündi. Nazar awtobusyň yzyndan seredip galyberdi.

Birnäçe günläp Nazaryň hyýalynda Keýigiň keşbi saklandy. Ýöne wagt diýilýän zadyň geçmegi bilen, adamda nämedendir galan täsirler nähili güýçli bolsa-da, kem- kem öz güýjüni ýitirip başlaýar. Keýigiň keşbi hem Nazaryň hyýalyndan barha daşlaşyp barýardy. Emma ykbal diýen gudratyň elinden gelmeýän zat ýok. 0l Nazary ýene özi maňlaýyna ýazan gyzy bilen duşurdy
Dowamy bar
21
78
yurek
17.04.2024 22:34
 Kakam kiçijik akja güjüjegi bize sowgat getirdi. Onuň adyny men dakdym. Akbaý. Akbaýyň gara ýerl rem bar, akja ýerleri köp bolansoň dakaýdym. Kakam «Alabaý dakaý» hem diýdi, ýöne ol dostumyň itiniň ady ahyry. Biz onuň bilen günde daşarda oýnaýardyk. Hatda oňa tegelejik halkany gapmagy hem öwretdik. Özem, baý, oýunça-a. Akbaý biz nirä gitsek yzymyzdadyr. Jigim oňa öýden öz iýýän zatlaryndanam getirip beriberýär. Akbaýyňam işdäsi zor. Bir gün Akbaý bilen oýnap ýörkäk, goňşy gyz özüniň tegelek aýlawly, halka meňzeş saça dakýanyny gaçyrdy. Akbaý muny görüp, derrew agzyna salyp alyp gaçyp gaýtdy. Ol biziň gapyp getirmegi öwreden halkalarymyz öýdendir-dä. Gyzjagazam gözüni elek-çelek edip, gözýaş dökmäge başlady. Menem Akbaýy çagyrdym. Ol derrew ylgap, ýanyma geldi. Saça dakylýany aýagymyň ýanyna getirip taşlady. Menem ony Dürdänä eltip berdim. Ol aglamasyny goýdy. Ýöne onuň dişlenen ýerine seredip, ýene möňňürip başlady. Men onuň hapa bolan ýerlerini ýuwup, oňa getirip berdim. Akbaýyň bu garagollugy üçin bolsa men ötünç soramaly bolaýdym
23
41
yurek
11.04.2024 14:30
Bir gün Hak dostlarynyň biri Şakyky-Balhy hezretleri Bagdadyň Dijle derýasynyň boýunda wagyz-nesihat mejlisini gurýar. Şol wagt haja barýan bir kerwen märekäniň deňinden geçip barýan eken. Kerwen bilen barýan bir ýaşuly düýesiniň tanapyny ýoldaşyna tabşyryp, wagyz diňlemek üçin bu ýerde galýar. Ol az salym diňläp oturandan soňra Şakyky-Balha ýüzlenip:

— Men düýe çopany, çöl-beýewanlarda gezýärin. Maňa pent-nesihat ber, ýöne berjaý etmek aňsat bolar ýaly nesihatyň gysga bolsun – diýýär. Şakyky-Balhy oňa şeýle nesihat berýär:

— Eý, ýaşuly, menden şu üç sözi öwren: Nebsiň-özüň üçin edýän işiňi nebsiň Eýesi üçin et! Özüňe gerek zady öz Eýäň bolan Alladan isle! Öz Eýäňden gelen her bir zada razy bol!

Bu sözleri diňlän düýe çopany ýoldaşlaryna ýüzlenip:

— Meniň düýämi yzyna äkidiň, meniň başga işim çykdy – diýip, çöl-beýewana tarap ýüzlenýär.

Üç ýyldan soň Şakyky-Balhy hezretleri ony Dijle derýasynyň kenarynda görýär. Ol Şakyky-Balha şeýle diýýär:

— Sen şol adamlara ylym öwredip, özüň amal etmeýän kişimi? Maňa üç zady öwretdiň. Olaryň birinjisini we ikinjisini berjaý edenim üçin suwuň ýüzünde ýöreýärin. Eger üçünjini-de başarsadym, asmanda guşlar bilen uçardym.
27
85
yurek
10.04.2024 13:22
Eflatuna:

— Sen hiç haçan gamgyn görneňok. Muny nädip başarýaň? – diýýärler. Ol:

— Men elimden giden wagty halym harap boljak zatlara ýüregimi beremok – diýip jogap berýär. Adamlar oňa:

— Bu sözüňi bize düşündir – diýenlerinde, akyldar olara şu wakany gürrüň berýär:

— Bir gün Rim hökümdaryna ýakutdan edilen jam getirdiler. Onuň bahasy tas bir hazyna barabardy. Hökümdar ýanyndaky akyldarlara ýüzlenip: «Siz, heý, şular ýaly zady görüpmidiňiz?» diýdi. Olar: «Bular ýaly jam hiç bir patyşada ýokdur. Emma şu jam zerarly patyşamyza ýa garyplyk ýa-da erbet ýürek agyry ýeter» diýdiler. Patyşa: «O nähili?» diýdi. Olar: «Eger bu jam seniň eliňden gidäýse, seniň ummasyz baýlykdan mahrum bolarsyň, ony ýitireniň sebäpli-de ýüregiň agyrar» diýdiler.

Bir gün patyşa ýurdunyň adalarynyň birinde uly meýlis guramak isleýär we şol meýlise ýaňky jamyň hem getirilmegini buýurýar. Emeldarlar ýaňky gymmatbaha jamy we meýlis üçin gerek-ýarak esbaplary gämä ýükläp, ada tarap ýüzüp gelýärkäler, birden güýçli tolkun turup, gämini agdarýar. Ne mejlis galýar, ne çörek, ne-de şerap. Bu habar patyşa gelip ýetende ol gaty gynanýar. Şol jamy hernäçe gözletse-de tapyp bilmeýär. Şol wagt pelsepeçi akyldar oňa: «Gördüňmi, sen eliňden giden ýagdaýyňda garyp goýjak, ýüregiňi agyrtjak zada ýüregiňi berdiň. Her kim köňlüne gaýgy-gam aralaşmaz ýaly, elinden giderende gamlanjak, alada goýjak zadyna höwes etmeli däldir» diýýär.
28
124
yurek
10.04.2024 07:26
Synpyň gapysy çalaja kakyldy. Işikde Keremiň ejesi peýda boldy:

— Bagyşlañ mugallym, Keremi getiripdim, gijirägem galdyk.

Mugallymyň “Zyýany ýok, geliň” diýerine mähetdel, Kerem yzda duran geýim asgyja tarap dogumly ädimler bilen ýöredi. Onuň töwerek daşyna buýsançly garanjaklaýan göreçlerindäki şatlygy mugallymam, beýleki çagalaram duýdy.

Ejesi görgüli bolsa, entegem günäsini ýuwmaga çalyşýan ýaly aldygyna birzatlar düşündirmäge çalyşýardy:

— Şu paltomy geýjek diýip, aýak diräp duransoň, nädeýin, guraýança garaşmaly boldum…

Sapagyň dowamynda, Kerem öwran-öwran yzyna gaňrylyp, assyrynlyk bilen paltosyny synlady. Bir ýeňiniň agyzjygy ýyrtylyp, täzeden mata örtülen diýäýmeseň, gül ýalyjak, ýyljajyk palto. Ol tä mekdebe gelýänçä-de, onuň ýakalygyndaky ýumşajyk tüýlerini sypap, çekgesini oýkap hezil edipdi. Arakesmelerde-de ony garawullama kemini goýmady. Bezzat çagalaryň süýkenip ýere gaçyraýmagy ahmal ahyry. Arasynda “çaňyny” kakyşdyryp, jübülerini “barlaşdyran” boldy.

Ahyry “arzyly pursat” geldi. Öýüne gyssanýan okuwçylar biri-birinden galyşman, kimsi mekdebiň howlusynda garaşyp duran hossaryna, kimsi maşynlara tarap at saldy.

Keremem paltojygyny gujaklap, synpyň boşalaryna garaşdy. Ilki topbusyny kellesine gaýym basdyrdy, soňam paltosuny emaý bilen geýip, okuw torbasyny arkasyna aldy.

Mekdebiň agzynda güler ýüz bilen özüne garaşyp duran ejesini görüb-ä hasam monça boldy.

Ine, birdenkä kakasy bilen barýan çagalaryň biri, Keremiň ýanynda sakga durdy-da kakasynyň synyndan çekdi:

— Kaka, dur, bu meň paltom ahyry…

Keremem, ejesem aňkaryldy. Uzyn boýly, agajet adam: “Ýok oglum, seňkä meňzeşdir, seret, honha-da biri geýipdir” diýip, gidiberjek boldy. Ýöne oguljygy goýmady:

— Ýok, kaka, seret ýeňinde ejemiň tiken ýamasam dur-a. Ýadyňdamy, piknikde ot degipdi — diýip, öňe omzady.

Keremiň ejesi dalda gözleýän dek töweregine garanjaklady. Sowuga titräp duran elleri bilen ýaglygyny elleşdirip, gyzaran ýüzüni görkezmezlige çalyşdy. Diýjek sözi bokurdagynda galdy. Kerem bolsa, paltosy alynar öýdüp, ejesine hasam gysmyljyrady.

Bar zada düşünen adam näme diýjegini bilmedi:

— Wiýý oglum, ýadyňdamy seňkini öňňün oba iberipdig-ä, o ýerdäki jigileň geýmäge. Onsoňam bu bezzatjygam sen ýaly garagollyk edip paltosyny deşen bolmaly, seret oňam ejesi, ýamap beripdir, şeýle dälmi gelneje?

Näderini bilmän duran horja gelin zordan:

— Hawa… — diýdi-de, aşak bakdy.

— Aýyplaşmaň, ýene bir gezek bagyşlaň gelneje. Entek çaga-da, bular — diýip, geýnüwli adam öňe ýöränini kem görmän, oglunyň elinden tutup ulagyna tarap ugrady.

Ertesi Kerem bilen ejesini mekdebiň agzyna ýetmänkä, düýnki daýy bilen oguljygy garşylady. Ýüzleri begençden ýylgyrýardy.

Olaryň elinde täp-täzeje palto bardy. Özem, şeýle owadandy.

— Salam gelneje, bagyşlaň! — diýip, hälki adam söze başlady:

— Düýn oglumam, menem ogluňyzy birahat edenimiz üçin ötünç soraýarys. Tüweleme, bu akyllyja, bäşlikçi okuwça meňzeýä.

Onsoň bazara bardyk-da, oňa-da edil Mergeniňki ýalyjak täzeje palto aldyk, şeýle dälmi, oglum — diýip, oňa guwançly seretdi.

— Seň, adyň näme? — diýip, Mergen Kereme ýüzlendi. Keremiň sortdurup duran ýüzi birneme açyldy:

— Kerem.

— Meň adym Mergen. Kerem, senem bu köne paltoňy, obadaky jigiňe ibergin, bolýamy… — diýip, ol Kereme “maslahat berdi”. Olar özara gürleşdiler, dostlaşdylar. Täzeje paltolaryny sypaşdyrdylar. Soňam ikisi el tutuşyp, mekdebiň gapysyna tarap ylgap gitdiler..

Gözlerine ýaş inen bagtyýar ene bilen hälki gülerýüzli adam daşyndan ekizleri ýadyňa salýan, meňzeş paltoly çagalaryň yzyndan guwançly garap galdylar…

Säher Wepalyýewa
18
92
yurek
09.04.2024 17:24
Göwnüm ömrüm sakasy sen
Hyŷalyň älemde şadyr.
Men garybyň ŷekesi sen,
Ŷekäniň ŷary Hudadyr.

Turgul daňdanyň agynda,
Erenleň ören çagynda,
Perhadyň gazan dagynda,
Aşyk-magşukdan jydadyr.

Pelegiň ŷokdur pişesi,
Kalbyňy gyrçar teşesi,
Basar ŷatar endişesi,
Seriňde ŷüz müň söwdadyr.

Karar tapmaz sen ornuňdan,
İkli gan getir burnuňdan,
Ganymyň döräp garnyndan,
Ah, ertir üstüňe şadyr.

Ŷagşy umyt ŷodalarym,
Belki ertir idelerin,
Nazar diken didelerim,
Haŷyr ŷolunda gedadyr.
16
22
yurek
09.04.2024 11:44
Her kim bu durmuşda, bir zatlar üçin ylgaýar. Biri okap gowy işiň eýesi bolmak üçin kä birleri pully adam, ýene birileri bolsa bagty bolmak isleýärler ..

Her bir orta mekdep okuwçysynyň arzuwy uly okuw jaýynda okuwyny dowam etdirmek, şol Jereniň hem arzuwymda bardy. Orta mekdebi tamamlap ýöriteleşdirilen mekdepde okuw synaglaryna taýýarlyga başlady. Şol ýyl ýokary okuw jaýyna girip bilmedi ýöne, hünärment mekdebiniň talyby boldy. Bu ýerde täze tanyşlar, talyp deň-duşar bilen tanyşdy.Birnäçe joralary boldy. Okuw örän gyzykly geçýärdi Jeren okuwdan boş wagtlary sport bilen gyzyklanýardy. Birnäçe ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp boldy. Jereniň gatnaýan sporty teakwando bolany üçin talyp deхduşlary we mugallymlary mydama, sportçy gyzymyz deňduşlarнňy uraýmagyn diýip degişerdiler. Şol ýyl Jeren Türkmenistanyň çempiony bolup medal bilen okuw jaýyny begendiripdi. Kursdaşy hem-de partadaşy Yhlas şondan soň çempionymyz diýip degişip gezerdi. Şeýdip degişgen günleri Jeren bilen Yhlasy söýgi ýoluna getirdi. Her gün irden okuwa gitmek üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň gapysynda Jerene garaşyp durardy, sapakdan soňam bile gaýdardylar. Hatda hepdäniň ahyrynda öýlerine hem bile gaýdardylar. Yhlas Jereni obasyna gidýän maşyna mündirip soň giderdi. Okuwdan boş wagtlar aşyklar goşa gumry ýaly mydama bile gezerdiler. Aşyklary ýene baglaýan zatlaryň biri hem bularyň doglan günleri hem yzly-yzyna günler bolmagydyr ýagny, Yhlasyň doglan güni aprel aýynyň dokuzy Jereniň doglan güni bolsa onunjy aprelde. Bular biri-biriniň doglan günlerini hemmelerden öň gutlamak üçin bir gün öňünden gije sagat 12-00 garaşardylar , soňra biri-birine süýji sözler bilen gutlap arzuwlar ederdiler.Gyzykly günleri yza galdyryp 2 ýyl okuwy hem tamamladylar. Jereniň ýokary okuwa girmek arzuwyna ýetmek üçin şähere sport mekdebine gatnaýar, Yhlas bolsa Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäge gitdi. Şeýlelik bilen aşyklara wagtlaýyn aýralyk geldi. Jeren bolsa paýtagtymyzdaky Harby institutyň talyby bolup, ýokary bilim almak arzuwyna ýetdi. 2 nji kursda okuw tejribesi üçin esgerleriň öýlerine goýberlişik we täze esgerleriň alnyşyk işlerini öwrenmek bilen okuw tejribesine gitmelidigini aýtdylar. Paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde Watan öňündäki gulluk borjuny dynyp mähriban ojaklaryna barýan esgerler we täze esgerlerden we ýolagçylardan dolydy. Şol köpçilik içinde ilkinji söýen ýigidi Yhlas hem Watan öňündäki gulluk borjuny dynyp mähriban ojagyna barýan esgerleriň arasyndady. Yhlas Jereniň harby talyp lybasynda görenine ynanyp bilmän doňup galdy. Jeren diýip sesleneni bilmän galdy. Aşyklar biri birine gowşanlaryna örän begendiler, bular bir otlyda uzyn ýoluň dowamynda geçen süýji günlerini Jeren talyp ýyllaryny Yhlas bolsa esger günlerinden gürrüňler etdiler.Geçen günlerini ýatlap geljek hakda arzuwlar etdiler.Yhlas mähriban ojagyna bardy, Jeren bolsa okuw tejribesini bitirip , okuw jaýyna okuwyny dowam etmek üçin paýtagtymyza geldiler. Aşyklar aýra bolsalaram her gün telefonda gürleşýärdiler, bir günem Yhlas meni öýlendirjek bolýalar diýip Jerene aýdýar. Ene -atasyna Jeren barada aýdanda olar harby gyzy ýekeje ogullaryna alyp işlemäge ugradyp bilmejegini, nägilelik bildirýändiklerini aýtdylar. Jeren ene-atalar göwnemedik ýerinde biziň söýgimiziň haýry ýok, nägilelik bilen bagt gurup bilmeris diýip söýgide ejizläp Yhlasdan daşlaşmak bilen boldy , ol telefon belgisini täzeledi we öz okuwy bilen gümra boldy. Şeýdip 4 ýyllyk söýgüni unutmak isledi.

Indi seniň baryň ýoguň deň maňa

Söýgümiň boş sallançagy yranýar

Bagtym bolup görünipdiň öň maňa

Indi bagtym alyslarda görünýär.

Soň talyp deňduşlaryndan eşitdi. Yhlasa kakasynyň dostynyň gyzyny alyp beripdirler. Jeren hem oňa diňe öz içini gürledip bagtyň bolsun diýdi, soň ol hakda hiç kimden zat soramady kursdaşlaram Yhlas barada Jereniň ýanynda hiç zat geplemeýärdiler.

Indi sen hakynda edemok pikir

Başarsam gezýärin asla ýatlaman

Bagtym saňa bagly däl eken,

Galdy senden diňe maňa ýatlama.

Jeren okuwyny tamamlap, paýtagtymyzda işe galdy we işine uly höwes bilen gatnaýardy. Ene-atasy Jereniň bagtly bolmagy isleýändiklerini aýtdylar. Jeren hem olara razylyk berdi we kakasynyň işdeşiniň daşary ýurdy okap gelen ogluna guda boldy. Ol işden ýyllyk dynç alyş wagtynda toý sähedini bellemekçi, bizem nesip bolsa kursdaşymyz Jereniň toýuna garaşýarys. Men size bu wakany gürrüň bermegimiň sebäbi hiç kim birini käri ýa puly üçin dälde bagty, söýgüsi üçin ene-atalar goldap çagalarynyň bagtyna guwanmak nesip etsin . Söýülip hem söýüp ýaşaň!

Zeýnep Geldimyradowa
24
70
yurek
06.04.2024 10:48
Söýgi gör nähili owadan soz.Söýdi sözi gysgajyk söz bolsada içinde birnäçe duýgy bar.Ol duýgular kimlere bagt kimlere hasrat getirýär.Gülälegiň jogapsyz galan söýgüsi ony söýgi sözinden uzaklaşdyrdy.

Gülälek okuwy tamamlap öz söýýän käri tikinçilige başlady, çagalykda bäri türkmen gelin gyzlarynyň bezegi bolan lybaslarmyza el işlerine bolan höwesi bardy.Gülälegiň uzyn gara saçlary,öran owadan gözleri,eliniň çeperligi,asyllygy göreni haýran goýýady.Gülälek öz synpdaş ýigidi Azady gowy görýär,Azadyň agraslygy,akyllygy Güllälegi hasam özine çekerdi.Azadyň ejesi Aýsoltan daýza Gülälegi öran gowy görerdi,Gülälege mydama seni Azatjana aljak diýerdi, Aýsoltan daýzanyň diýýän bu sözleri Gülälegi hasam bagtly ederdi.Bir gün synpdaşlarnyň durmuş toýa çagyryldylar,Gülälek bu toýa diýseň garaşýardy çünki bileje okan synpdaşlarny görmek,esasanam Azady görmäne sabyrsyzlyk bilen garaşardy.Ine toy güni gelip ýetdi Gülälek diýseň owadandy,synpdaşlarnyň içinde saýlanyp durardy.Gülälegiň gözleri Azada bakyp durdy ol Azady her gördiginde dur myşa bolan höwesi artardy,Azat bilen bagytly günlere garaşýardy.Azat bu zatlardan habarsyzdy.Toýdan jorasy Merjen bilen gelýän Gülälek söhbet diýip gelşine Merjene ýüzlenip.

_Merjen saňa bir zat aýtjak ýöne hiç kime aýtmagyn?

Merjen,bolýa jorajan men seniň joraňa seniň syrňy ile aýtmana!

_Gükälek ýylgyryp yuwaşlyk bilen ,,Merjeň synpdaşymyz Azat örän akylly oglan, edepli agras işeňňir,

_Merjen jorajan näme aýtjak bolyaň aýtsana aljyrap durmasana,?

_Gülälek ,,Merjen men Azady okuwçylygymyzdan bäri halaýardym,indi okuwy gutardyk men Azada bolan duýgularmyň söýgüdigne göz ýetirdim, jorajan men Azady ýürekden söýýän ,ýöne Azadyň duýgularny bilemok,men Azadyň duýgularny bilesim gelýär eger sen Azat bilen gurleşseň oňa aýtsaň ,onuň pikirni bileris ha?

_Merjen gülip jan joram sen ýaly gözel gyzy Azat nadip söýmesin men hökman Azat bilen gürleşerin ,ertir saňa jaň aýlap habaryn aýdaryn.

_Gülälek begenip bolýa jorajan sag bol ertir görüşeris,diýip öýne döndi.

Ertesi Merjen Azada jaň aýlady ,Azat Merjenden gelýän jaňy görüp ,

Alo salam Merjeň gowmy menem saňa jaň aýlajak bolup aýlap bilmän ýörin çekinip,bilýäňä şol çekinjeňligimda!

_Merjen gülip Azat çekinjeň bolma indi okuwy gutardyk bize ýene täze durmuş başlaýar,,,wiý Azat sen öýleneňokmy ejeň ýeke çagasy seniň durmuş guraryňy isleýändirler.

Azat Merjeniň bu sözlerine ýylgyryp islemezlermi şu gün bor diýsemem öýerjekler .

_Merjen ,,Azat sen näme üçin bor diýeňok synpdaşlarymyzda gowy gyzlar bara,,,Merjen sözi aýlap Gülälege getirdi,, Azat synpdaşymyz Gülälek akylly işeňňir gyz,özem synpda iň owadan gyzymyz,,

_Azat gülip Merjen synpdaşlarmyzyň baram owadan asylly ýöne ýürek söýmeli.

_Merjen olam dogry Azat hany seň söýeniň ýokmy aýtsana maňa ?

_Azat bar Merjen ýöne onyň duýgularny bilemok,aýdybam bilemok çekinýan.

_Merjen utansaň sms ýaz bolmasa ejeňi ugrat, belkide bolýa diýer,

_Azat sen nädersiň Merjen seni söýen oglan özi aýtman ejesini gudaçylyga ugratsa,?

_Merjen waýýý Azat menä begenerdim biri meni söýüp gudaçylyga ugratsa,

Bor onda Azat pikirlen soň aýtgyn kimdigin.

_Azat bolýa merjen.

Ertesi Merjen Gülälek bilen gürleşip otyrdy Azadyň ýüreginde biriniň bardygny bildim ýöne aýtmady, belki sensiň Gülälek aýtmana utanýandyr.. diýip güriň edip otyrka gapy kakyldy Merjen penjireden seretse Aýsoltan Daza dur,Merjen aljyrap waýýý Gülälek Azadyň ejesi Aýsoltan daýza geldi men häzir olar bilenem gürleşsem aýdaryn sag bol jorajan,diýip telefony öçürip goýup ýöräp ugranda sms geldi.Merjen seretse Azatdan sms gelipdir ol geň galyp ,,ilki ejesi geldi indem smsi, diýip sms açdy.

“Salam Merjen gowmy bu zatlar saňa duýdansyz boldy sebäbi başgaça aýdyp bilmedim Merjen meň ýüregimdäki söýen ýarym sen men senden başgany söýmerin diňe seň bilen bagtly bolaryn.”

Merjen haty okap elinden telefonyň gaçany duýman galdy, ol öz jan ýaljak jorasynyň söýgisini Azada aýtjak bolup ýörka bu zatlar oňa düşüniksizdi.Merjen sessizje otyrdy bir salypdan soň gapy kakylyp Merjeniň jigisi “Merjen seni ejem çagyrýar”Merjen ejesiniň ýana baryp otyrdy ejesi Merjene bakyp.

Merjenjan sen meniň iň uluja balam sen meniň ilk gözimiň göreni,jan gyzym her ene ata öz çagasynyň wagty sagady gelende durmuş gurmasyny islär, ýaňy seniň synpdaşyň Azadyň ejesi seni sorap gudaçylyga geldiler,menem özi bilen gürleşeýin diýdim.Gyzym Azat gowy oglan bizi ony çagalykdan bäri tanaýas senem bilýaň ejesem gowy,eger sen garşy bolmasaň men seniň Azat bilen durmuş gurmagyňy isleýan meniň gözim arkada galmasyn gyzym menem arkaýyn bolaryn.

Merjen bolup geçýän zatlara ynanmak islänokdy,ol jorasynyň söýen ýigidine barmak islemezdi,ýöne başga çykalgada ýok, sebäbi Merjen ejesini gynandyryp bilmezdi Merjeniň ejesi hassady.Merjen näme etjegin bilmeýädi.Azadyňam günäsi ýokdy ol Gülälegiň söýgisinden bihabardy.

Gülälek bolsa sabyrsyzlyk bilen Merjenden habara garaşýardy.Birden jaň geldi seretse Merjen Gülälek begenip jany aldy.

Aloo Merjen garaşyp ýadadyma joram näme diýdiler,?

_Merjen sessizdi Gülälek aloo Merjen sesin çykanok oňatçylykmy aýtsana?

_Merjeň gözlerinden akan ýaşy syryp,,Gülälek Azadyň ejesi maňa gudaçylyga gelipdir Azat ugradypdyr onyň ýüreginde söýýän ýary men ekenim..

Gülälek eşiden zatlaryna haýran galyp doňyp galdy ,onyň Azada bolan söýgisi,arzuwlary bary gara ýer boldy,Gülälegiň bokurdagy dolyp gözlerinden damja damja ýaşlary ýere düşýärdi.Gülälek duran ýerinden aşak oturyp,eşidenlerniň hakyky däl düýş bolmagyny islardi.Ýöne ol düýş däl hakykydy.Söýýän ýary ýüreginde onuň hakynda owadan arzuwlar eden Gülälek saralyp solup galdy. Toý sähedi bellendi Gülälek ömrinde iň kyn bolan zady etmeli boldy,jan ýalyjak jorasyny durmuşynyň,geljeginiň şazadasy hasaplan onuň bileň durmuş guryp bagtly gelejegi arzuw eden söýýän ýaryna bermeli boldy.Olaryň toý şaýatlary boldy. Durmyş toýlaryny gutlady,elleri bilen jorasynyň kürtesini atdy.Gelnaljy gitdi, Gülälek gözlerinden akan ýaşlary bileň Azada bolan jogapsyz söýgüsi bilen ýalňyz galdy.

DURMUŞDA BIR GEZEK SÖÝÜLÝAR. HEMMÄŇIZE ÖZ SÖÝEN ÝARYŇYZA,SÖÝEŇ KÄRIŇIZE,ÝETIP BAGTLY UZYN WE GÖZEL DURMuŞ ARZUW EDÝÄRIN,!!!
22
55
yurek
05.04.2024 23:22
Yzmyhşir ýurdunyň adalatly, dana, ylymly-bilimli patyşasy bar eken. Ol şanyň hem üç sany janyndan eý görýän dosty bar eken. Olar hem edil patyşanyň özi ýaly akylly-başly, sowatly, adyl kişiler eken. Patyşanyň maşgalasy ýok eken. Onuň dostlary oňa ýurdundaky gyzlardan has gowusyny maslahat beripdirler. Emma ol kabul etmändir. Çünki, ol ýurda ýolbaşçy däl-de, onuň atasy hökmünde garapdyr. Sebäbi ata öz gyzyna öýlenip bilmez diýen pikir ýöredipdir. Şol barmana-da patyşalar özge ýurdyň gyzyna öýlenip, maşgala gurmalydyr diýenmiş. Günlerde bir gün onuň dostlary Rum ýurduna ýola çykypdyrlar. Olaryň asyl maksady Rum ýurdunyň medeniýetini, durmuşyny öwrenmek bolupdyr. Sebäbi ol ýeri şagyzy dolandyrýarmyş. Ýetmeli menzillerine baryp ýetenlerinde ýurduň söwda merkezlerine aýlanypdyrlar, ýurdy doly öwrenipdirler. Şanyň dostlary öz ýurduna dolanyp gelipdirler we ýeriň ýagdaýyny öz dostlaryna jikme-jik gürrüň beripdirler. Şagyzynyň gözellikde deňi-taýy ýokmuşyn.

Üç sany ýegre dost ikinji gezek hem Rum ýurduna sary ýola rowana bolmaly bolupdyrlar. Bu gezek olar Rum ýurdunyň şagyzyna Yzmyhşir şasynyň teklibini gowşurmak isläpdirler. Şanyň dostlary söwda etmek üçin ýolda bazara barypdyrlar. Bazarda iki satyjynyň arasyndaky dawany görüp olary çözmekçi bolanlarynda dawany döreden şolar ýaly görülipdir. Çünki, söwda etmek üçin gelen üç kişi ýerli adamlardan däl eken. Şonuň üçinem olaryň üçüsini zyndana atýarlar. Şeýlelik bilen şanyň teklibini hem aýdyp bilmändirler.

Yzyna dolanyp gelmedik şanyň dostlary zyndanda galypdyr. Şa öz dostlarynyň zyndana düşeninden habarly bolan gününden aladalara batyp, dostlaryny halas etmek üçin, şol ýurduň patyşasynyň we halkynyň paýhasyny synamak üçin, şagyzyny özüne ýanýoldaş edinmek üçin syrly sowgady taýýarlap Rum döwletine ugradypdyr. Rum ýurdunyň şagyzy syrly sowgady çözüp bilmedik ýagdaýynda Yzmyhşir şasyna durmuşa çykmaly bolupdyr. Çünki, ol iki döwletiň arasynda uruş bolmagyny, adamlaryň gyrylmagyny islemeýär eken. Bu sowgat üç sany biri-birinden tapawutsyz ynsan heýkelleri eken. Olaryň tapawudyny bilmek bolsa mümkin däl eken.

Rum döwletiniň şasy sowgady alanyndan soňra egindeşlerini ýygnap, ilki özi göz gezdiripdir. Hiç hili tapawut görmändir. Soňra köşgüň ähli adamlary heýkellerdäki tapawudy bilmäge çalyşypdyrlar. Her näçe jan etseler-de başarmandyrlar. Soňra şäheriň iň akylly adamlaryny çagyrypdyrlar. Olar hem çözüp bilmändirler.

Şagyzy heýkellerdäki tapawudy tapmanlygy üçin gama batypdyr we Yzmyhşir ýurdunyň şasyna durmuşa çykmaklygy ýüregine düwüpdir. Soňra bu habarlar bigünä zyndana atylan üç sany ýaş ýigidiň gulagyna degipdir. Ýaş ýigitler bu soragyň jogabyny çözüp biljekdikleri aýdyp habar ýollapdyrlar. Şagyzy bolsa ýaş ýigidi tizden-tiz köşgüne getirdipdir.

Köşge gelen ýaş ýigit heýkelleri synlaýar. Görse heýkelleriň sag gulagynda deşik bar eken. Şol pursatda ýigit arkasyna öwrülip bu meseläni çözsem siz bizi azat edersiňiz we şahymyza durmuşa çykmaly bolýaňyz diýip şert goýupdyr. Şagyzy ýaş ýigidiň şertini kabul edýär. Sebäbi syrly ol heýkelleriň tapawudyny bilmek isleýärdi. Emma bu heýkelleriň Yzmyhşir ýurdundan gelendigini şanyň dostlary bilmeýärdiler.

Ýaş ýigit eline kümüşden ýasalan uzyn demirjigi alyp birinji heýkeliň gulagyna salypdyr we agzyndan çykypdyr. Ikinji heýkeliň gulagyna salyp görse, beýleki gulagyndan çykypdyr. Üçünji heýkelde bolsa gulagyndan giren kümüş demir bölegi hiç ýerinden çykmandyr.

Ýaş ýigit bu heýkelleriň tapawudyny bilip, jogaby birgiden kitap ýazgysyna meňzeýär diýipdir. Ony okamana çalşypdyr. Birinji heýkeliň ýagdaýy dostlaryndan eşiden gürrüňlerini derrew daşyna çykarar. Ikinji heýkelde bolsa eşiden gürrüňleri bir gulagyndan girip beýleki gulagyndan çykar. Üçünji heýkeldäki bolsa eşiden gürrüňlerini özünde saklar.

Görşümiz ýaly bu heýkeller ynsany suratlandyrýar. Her bir ynsan biri-birinden tapawutly. Şonuň üçinem bu üç heýkeller bize ynsan häsiýetini görkezýär. Ynsan öz dostuny şunuň esasynda saýlap biler diýipdir. Rum ýurdunyň şasy muňa haýran galyp Yzmyhşir ýurdunyň şasyna durmuşa çykmaly bolupdyr we dostlaryny hem azat edipdir
16
61