yurek
18.04.2024 14:06
Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:

— Awtobusa yzky gapydan münülýändir-ä — diýip gatyrgananda:

— Bagyşlaň, akylly gyz! — diýip, Nazar ötünç soran boldy.

Gyz ýigidiň özüne «Akylly gyz» diýip kakdyranyna hiçzat diýmese-de, nägilelik bilen garap gitdi.

Awtobus on bäş minut çemesi ýol geçip, Nazaryň düşýän duralgasyna golaýlanda onuň oturan oturgyjynyň aşagyndan el telefonynyň jaňy eşidildi. 0l haýran galmak bilen sermelenip, eline ilen telefony götereninde, imodan gelen jaňda häli gapyda çaknyşan gyzyň keşbi göründi. Nazaryň keşbi gyzyň jaň eden telefonynda görnen bolsa gerek.

— Wiý, telefonymy siz tapdyňyzmy?

— Hawa, awtobusda oturan ýeriňizde galdyrypsyňyz.

— Indi, sizden telefonymy nädip alarkam?

— Meni tapjak bolup azara galmaň, özüm elinje eltip beräýerin.

— Siz meni nädip tapmakçy?

— Bizi ilki sataşdyran duralgamyzdan taparyn. Çenim çen bolsa, siz şol duralga golaý bir ýerde işleýän bolmaly. Işden çykjak wagtyňyzy aýtsaňyz, men şol ýere guş deý uçup baraýaryn — diýdi.

Gyzyň şähdi açylyp güldi:

— Bolýar. Men şol ýerdäki çagalar bagynda işleýän. Işden soň şol duralga çykaryn — diýip jogap berdi.

Şol sözden soň Nazar işde otursa-da, hyýalyndan gyzyň keşbi gitmedi, göz öňüne geldi durdy. Belleşilen wagt golaýlaşandan ol işinden irräk çykyp, şol duralga geldi. Gyz hem köp garaşdyrmady. Jorasy bilen duralga tarap gelýän gyza gözi düşen Nazaryň ýüreginiň urgusy artdy. Ýanyndaky jorasynyň:

— Keýik, ertire çenli hoş! — diýenini eşiden Nazar gyzyň adyny bilip galdy. Uzyn boýly, gara gözli, ak ýüzli gyz ýylgyryp Nazaryň ýanyna geldi-de:

— Salam, guş deý uçup geldiňizmi? — diýip, degişme äheňinde gepledi.

Nazar onuň çekinmän, birden beýle degişmä geçenine haýran galyp:

— Özümiň aýdyşym ýaly, siziň gaýtalaýşyňyz ýaly bolup gelendirin, Keýik gyz! — diýdi.

— Tüweleme, eýýäm adymam, boýdaşymyň agzyndan kakyp alypsyňyz-a.

— Gerek zadyňy nädip alsaňam almaly bolýar.

Onýança awtobus geldi. Gyz:

— Hany, telefonymy beriň! — diýip, Nazaryň elinde tutup duran telefonyny aldy-da: — Sag boluň! — diýip, howlugyp awtobusa mündi. Nazar awtobusyň yzyndan seredip galyberdi.

Birnäçe günläp Nazaryň hyýalynda Keýigiň keşbi saklandy. Ýöne wagt diýilýän zadyň geçmegi bilen, adamda nämedendir galan täsirler nähili güýçli bolsa-da, kem- kem öz güýjüni ýitirip başlaýar. Keýigiň keşbi hem Nazaryň hyýalyndan barha daşlaşyp barýardy. Emma ykbal diýen gudratyň elinden gelmeýän zat ýok. 0l Nazary ýene özi maňlaýyna ýazan gyzy bilen duşurdy
Dowamy bar
21
78
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.