yslam7
18.10.2022 08:47
Ýa ýaradan Hudaýym,
Owal başda saglyk ber.
Bu durmuşda ylaýym
Abraý bilen sabyr ber.
Enem-atam daýanjym,
Agamjan arkadagyn,
Uýalam göwün şadym,
Maşgalama döwlet ber.
Il içinde dostum bolsun,
Dostlam wepaly bolsun,
Syrymy saklan bolsun,
Bu dostlaryma bagt ber.
Talyp bolmak arzuwym,
Diplom almak islegim,
Öwrenmäge Biribar
Özüň maňa medet ber.
Döwlet diýr, Kadyr Allam,
Hossarym enem-atam,
Doganlam, dost-ýarlarym,
Barjasyna saglyk ber.
2nji goşgym 2018ý. (Mgm goýjak diýipdim)
10
93
yslam7
14.10.2022 15:32
Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz,
Meniň bilen asyr barýar ädimläp.
Kükreginde syrlar gizlän topragym,
Gyzykly gür berýär pikirin jemläp.
Meýmiredip bu gyzykly gürrüňler,
Ýaş juwan kalbymy gurşap alsa-da,
Ýok, hiç wagt dönmen uzak ýollardan,
Saçlam agarýança hemra bolsa-da.
Men ölsem-de, ölmez ýaşar asyrlar,
Men ölsem-de, ölmez ýaşar nesiller.
Meni ýagşylykda ýatlasa biri,
Ömrümden razy,Diri men, diri!
ANNASOLTAN KEKILOWA
8
83