Men ýola düşýärin, gidemok ýalňyz,
Meniň bilen asyr barýar ädimläp.
Kükreginde syrlar gizlän topragym,
Gyzykly gür berýär pikirin jemläp.
Meýmiredip bu gyzykly gürrüňler,
Ýaş juwan kalbymy gurşap alsa-da,
Ýok, hiç wagt dönmen uzak ýollardan,
Saçlam agarýança hemra bolsa-da.
Men ölsem-de, ölmez ýaşar asyrlar,
Men ölsem-de, ölmez ýaşar nesiller.
Meni ýagşylykda ýatlasa biri,
Ömrümden razy,Diri men, diri!
ANNASOLTAN KEKILOWA