yslam7
19.10.2022 10:20
Gülälekli gülzarlykdan
Gyz gelýär görki görkana.
Gara gözli galam gaşly
Göz gerek görkün görmäge.

Gulagynda gulakhalka,
Gaşy göwherden gupbasy.
Geýen geýnüwne gelişýär
Guýma gaşly gülýakasy.

Gözastyndan gyýa garap,
Gyz gelensoň golaýyma,
Görmegine göwnüm gidip,
Gollarym goýdum goýnuna.

Guçdum gysyp gujagyma,
Gursagyma göwsün goýup.
Ganatlanyp göwün guşum,
Ganat gerdi gökde gaýyp.

Garsa gözlerim gerildi,
Görenlerim garabasma.
Galdym garaňky gijede,
Göwnüm gaplap gaýgy-gussa.

Gultundyryp gözden gaýyp,
Gitdi görkana gözelim.
Gursakda galdy gaýgyly
Goşan gysgajyk gazalym.

Gurbangeldi Miralyýew
6
99
Myhman Myhman
21 Oktýabr 2022
Melek 06 , salam gowmy ýagdaýlarňyz gowy bolsa bolýar malades
melek06
19 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,Salam şükür özüňiz nahili
lalahan
19 Oktýabr 2022
👍👍👍
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
🌺E🌺 , Melek 06 , salam gowmy ýagdaýlarňyz
🌺E🌺
19 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
Yslam 7 nädip aýtmaly halk aýdyma geçiripdi ýa estrada aýdyma geçiripdi höwesjeň yhlasym bar
melek06
19 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.