yslam7
17.10.2022 14:13
Bu ömürde kän gezekler
Elden gitdi paýym meniň.
Duýgulary seňsiretdi,
Agyr-pikir oýum meniň.

Ýigit ýaşly atam bardy,
Terk etmeli boldy ýurdy.
Özgäňkiden giç dogýardy —
Günüm bilen Aýym meniň.

Iki ölüp bir direldim.
Çaga beýnä agram saldym.
Şeýle zabun kemsidildim
Ýokka hergiz aýbym meniň.

Hernä durman geçýär bar zat.
Çagalar sag, öýüm abat.
Eziz Allam, özüň şaýat —
Arassadyr düýbüm.

Agyr maňa günä etmek.
Kine ýatyr gatlak-gatlak.
Emma ine — şükür etmek
Öňden gelýän däbim meniň.

B. Hudaýnazarow
6
72
g.jahan
18 Oktýabr 2022
👍❤️
melek06
17 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
yslam7
17 Oktýabr 2022
🌺E🌺,👌
🌺E🌺
17 Oktýabr 2022
yslam7,bilyana
yslam7
17 Oktýabr 2022
🌺E🌺,shu postum ayrypdyr
🌺E🌺
17 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.