ylham_gurbanaly
17.06.2024 20:30
Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok.
Bu ýerde bir hili bulaşyklyk bar.
Men «bar» diýsem,
«ýok» diýjegne şübhe ýok
Men ýagyşy söýýän, 🌧
Oň söýýäni gar. ❄

Dört diwardyr
Üçegimiz bir biziň,
Emma ol şonda-da etmeýär müýni.
«Men gaýkyny söýýän, sen kimi?» diýýän.
Ol arkaýyn jogap berýär: "Küýkini".

Diýýärin «Sen bilgeşleýin edýärsiň,
Çigişdirýäň aradaky düwüni.»
Oň gözlegi towuklaryň arpasy,
Men söýýärin ýöne arpa suwuny.

Hiç düşünip,
Hiç düşünip bilemok,
Ötjek pikirimiz bir ýere gelmän
Bolmajak bolanda bolmaz ekeni
Ol-a meni söýýär!
Men ony söýýän.

— Gurbannazar Ezizow.
19
94
ylham_gurbanaly
16.06.2024 20:16

Güýzi zalym görmändim hiç beýle men,

Aljyrap reñkleriñ basyldy susty.

Söze, saza, reñke - söýgä eýlenen

Ýüregim ögürip birsyhly gusdy.


Gulak etiñ gemrer şol bir hüñürdi

Degre daşyñ gurşap alsa "Nämüçin?"

Kürekden, tolkundan, suwdan öñürti

Howa gerek ýüzer ýaly gämi üçin.


Dogrulara sapak berer ýalanlam

Meýdanlarda başyñ ýaýkap, ýaýdanma!

Goşgy däldir kelle göçüp ýazanlam

Aýdym diýmäñ içim gyssa, aýdanma.


Yürek dursa, gider ýaly nire bar

Hars urmasam inmek üçin köklerme?

Barçany bar etgen beýik Biribar

Şujagaz derdimi maña köp görme!


Sözler möhür bolup ýazylsyn daşa,

Erkinligi küýsäp kişñände atlar!

Bu söýgi - kalbymda ebedi ýaşar

Bu ýigrenç - içimde ömürlik ýatmaz!


Sungat Gurbangeldi

17
61
ylham_gurbanaly
16.06.2024 00:59
Ýagyş çisňäp dur çalaja, gum-gukluk,
Düýnki pişigem ýok lapym keç eden.
Göýä häzir saç däl, beýnim ezilýär,
Pikirlemem akyp barýar köçeden.

Goý, aksynlar, häzirlikçe derkar däl,
Goý, gitsinler, ýerlemäge ýer taýyn.
Öz-özüme başym yrap, hä berip,
Aýdyp barýan Ezizowyň «Serpaýyn».

Gulagymda bolsa türküçe aýdym,
Gözlerimde Pikassonyň suraty.
Ruhum asman sary äkidip barýar,
Fantastika!
Symrug guşuň ganaty.

Barlyk şowhun, a men ony söýýärin,
Ýöne şu hal zaryn çekýän özgäniň.
Häzir ýagdaýymy soramaň menden,
Men barybir size ýalan sözlärin.

Maksatmyrat Çaryýew
16
51
ylham_gurbanaly
14.06.2024 16:12
Dommarlyp gez ýigitleri görseňem,
Kän alçagam bolma, daýzalar bolsa
Sen deý şadyýana gabat gelseler,
Gelnim etjek diýip başlarlar, ýogsam

Başarsam berjek däl saçyň ýellere,
Düşün, läläm, gabanjaňlyk beterdä!
"Gülim" - iň owadan, diýdim güllere
(Öýkeleseler nä, öýke ederdä)

Beýnim urşar, mydam "akylym" diýsem
"Samsyjagmam" diýip, oňuşyberýän.
Bilýänsiňem welin, eger bilmeseň
Bilip goý, ýeke-täk bir seni söýýän!

Ylham GURBANALYÝEW
26
113
ylham_gurbanaly
14.06.2024 12:28
Akar ýaplar akar ýatar bimany,
Uja daglar öñküsi deý beýik däl.
Gaýtadan dikeltdim argyn synamy
Döwük-ýenjik setirlermi seýikläp.

Egsibersem ýürekdäki gussamy,
Siñer gider ýazylmadyk hatlara.
Deñiz gökden peşgeş alar mas-mawy,
Ýöne käte garlar ýagar gap-gara.

Onuñ üçin kalbym gözýaşyn dökmez,
Günler güme gitse, başyñy gutar.
Şahalarna ala seretse kökler,
Bir gün çyn söýginiñ yhlasy tutar!

Ýary ýolda yza gaýtma, söz berip
Ýazýan bolsañ, ýazgydyñy ýazgarma!
Gül reñkine boýalypdyr gözlerim
Sary atyr sepilipdir ýazlarma!

Sözler möhür bolup ýazylsyn daşa,
Erkinligi küýsäp kişñände atlar!
Bu söýgi - kalbymda ebedi ýaşar,
Bu ýigrenç - içimde ömürlik ýatmaz!

Sungat Gurbangeldi
21
37
ylham_gurbanaly
12.06.2024 14:15
Dönükligiñ ysy ornan howada
Hälki gören düýşlerimi görme geñ.
Indi muña tapyp bolmaz dowa-da,
Ýoñ bolupdyr özüñ aldap ýörmegem.

Dodagyna al degmedik gyz ýaly
Çürtülmändir duýgularyñ öseri.
Hiç kim derdim duýup bilmez güýz ýaly
Gökler maña peşgeş berdi heseri.

Gursak dolmaz öz etiñi iýmeseñ,
Güýz gelensoñ sowulýandyr şüweleñ.
"Bu düýşleriñ ýorgudy ýok" diýme sen,
Bilip bolmaz, çüwjek bolsa - çüwerem.

Sungat Gurbangeldi
20
46
ylham_gurbanaly
10.06.2024 23:04
Ýeke galyp göwnüm bilen,
Söhbet etdim ömrüm bilen,
Bu ýollaryñ aýlawyny,
Öwrüm biler, öwrüm biler.

Böwre sünji tiken bilen,
Ýaşap "Bir bar eken..." bilen,
Sorag diýip dikeldilen,
Çeken biler, kepen biler.

Yşk diýleniñ ataşdygny,
Köýdürýänin sataşdygny,
Kimiñ içden tutaşdygny,
Ýanan biler, ýakan biler.

Ykbalyñ bolmasyn zalym,
Tupana duşmasyn salyñ,
Sandykda Tahyryñ halyn,
Derýa üzre akan biler...

Sataşyp jana dözmeze,
Takdyr çykmasyn gözlege,
Duşsa gussaly gözlere,
Ýürek bilen bakan biler.

Täsin panynyñ gurluşy,
Ýokmaz ite gurt gargyşy,
Okap-okap bu durmuşy,
Kitabyny ýapan biler!

Päli garañ ezýeti bar,
Päk niýetliñ hezzeti bar,
Ýaşañ, dünýäñ lezzeti bar,
Sorañ! Bagtyn tapan biler!

Gülşirin Hanowa
20
54
ylham_gurbanaly
10.06.2024 14:49
Yrga kölgäm dura-bara kejikdi -
-Diýmedik sözlermi kesä çekdiler.
Entek gözem açylmadyk güjükdi,
Gulak-guýrugyny kesäýjekdiler.

Niredir, bir ýerden düşýär ýadyma
Bilýän, öñem görüpdik bu filmi.
Üşänimde elim çoýup adyna
Menem biriçeräk söýýän ilimi.

Men goşgy ýazjakdym duýgularymy
Örkläp kenarynda mawy lirikañ.
Ýaşamak şu bolsa - ýaşap ýörün men
Öz görümi özüm gazyp dirikäm.

Özümden utandym iller aglasa,
Sen bagtyýar bolsañ, menem esendim.
Bulut deý sakawlap iki arada
Diýjek sözlem diýip bilmän kösendim.

Durmuş özün gaýta-gaýta okatdy,
Ýüregmiñ odunam apardy ýeller.
Ömrüm - nebir sözlemde köp nokat deý...
Bu bolup ýörşüme näme diýerler?!

Ýüregime çeke-çeke dag baryn,
Belent dagyñ depesinde şert etdim.
İndi, her gün içim ýanyp, aglaryn
Bilseñ, menem bir wagtlar erkekdim.

Düýbi deşik bolar eken gapjygyñ,
Näme etjek mundan artyk geplede?!
... Men seni köşklerde ýaşatmakçydym,
Ýöne ýaşamaly bolduk kepbede.

Sungat Gurbangeldi
20
51
ylham_gurbanaly
09.06.2024 10:11
Gördükçe göresim gelýär,
Dördükçe döresim gelýär dünýäňi,
Dünýämi gözelleşdirýäň,
Bilýäňmi?!
Tümlük ýerler boldy ýagty.
Bagtyň aýdymy eşdilýär
Umyt bilen ýoda çekdim
Joýa-joýa arzuw ekdim
geljegime - geljegiňi
Baglap bilseň,
aglap bilseň
aglan wagtym.
(Olam diňe bagtly wagtym)
Gülüp berseň gülen wagtym
Eliňi berseň elime,
Öwrülseň ykbal gülüne,
Aýlap başym,
Başlap berseň söýgim başyn.
Çalymdaşym,
Galamdaşym,
Bolaý indi ömürdeşim!
21
142
ylham_gurbanaly
08.06.2024 20:30
Näme üçin bir-birege ýürekdäkilermizi aýtmagy başaramyzok? Duýgulary gizleýäris. Ertirki gün aýdaryn diýýäris. Näçe ömrümiz galanlygy hakda oýlanamyzogam. Dünýä baky gelen ýaly... Şugünki ýaşan Günüň soňkusy bolup biljekligi hakda pikir edemizok. Öz-özümizi aldaýarys. "Wagt hemme zady çözýär, wagt hemme zady unutdyrar, aňyňdan ýitirer" diýýäler. Emma adam öz aňyndan özi aýyrmasa, adam üýtgemese, wagt hiç zady üýtgedenok. Bir zady başarar. Olam bizi ýok eder.
Entek barkalar söýýänlerňiziň gadryny biliň. Ýüregiňizdäkileri diýiň. Söýýän diýiň. Hoş sözleri aýdyň. Iki ömür berlenok ahyry. Bu ömürde başgaça bolup, indiki ömürde başgaça bolaryn diýer ýaly...
29
161