ylham_gurbanaly
16.06.2024 00:59
Ýagyş çisňäp dur çalaja, gum-gukluk,
Düýnki pişigem ýok lapym keç eden.
Göýä häzir saç däl, beýnim ezilýär,
Pikirlemem akyp barýar köçeden.

Goý, aksynlar, häzirlikçe derkar däl,
Goý, gitsinler, ýerlemäge ýer taýyn.
Öz-özüme başym yrap, hä berip,
Aýdyp barýan Ezizowyň «Serpaýyn».

Gulagymda bolsa türküçe aýdym,
Gözlerimde Pikassonyň suraty.
Ruhum asman sary äkidip barýar,
Fantastika!
Symrug guşuň ganaty.

Barlyk şowhun, a men ony söýýärin,
Ýöne şu hal zaryn çekýän özgäniň.
Häzir ýagdaýymy soramaň menden,
Men barybir size ýalan sözlärin.

Maksatmyrat Çaryýew
16
51
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.