Ýeke galyp göwnüm bilen,
Söhbet etdim ömrüm bilen,
Bu ýollaryñ aýlawyny,
Öwrüm biler, öwrüm biler.
Böwre sünji tiken bilen,
Ýaşap "Bir bar eken..." bilen,
Sorag diýip dikeldilen,
Çeken biler, kepen biler.
Yşk diýleniñ ataşdygny,
Köýdürýänin sataşdygny,
Kimiñ içden tutaşdygny,
Ýanan biler, ýakan biler.
Ykbalyñ bolmasyn zalym,
Tupana duşmasyn salyñ,
Sandykda Tahyryñ halyn,
Derýa üzre akan biler...
Sataşyp jana dözmeze,
Takdyr çykmasyn gözlege,
Duşsa gussaly gözlere,
Ýürek bilen bakan biler.
Täsin panynyñ gurluşy,
Ýokmaz ite gurt gargyşy,
Okap-okap bu durmuşy,
Kitabyny ýapan biler!
Päli garañ ezýeti bar,
Päk niýetliñ hezzeti bar,
Ýaşañ, dünýäñ lezzeti bar,
Sorañ! Bagtyn tapan biler!
Gülşirin Hanowa