ylham_gurbanaly
16.06.2024 20:16

Güýzi zalym görmändim hiç beýle men,

Aljyrap reñkleriñ basyldy susty.

Söze, saza, reñke - söýgä eýlenen

Ýüregim ögürip birsyhly gusdy.


Gulak etiñ gemrer şol bir hüñürdi

Degre daşyñ gurşap alsa "Nämüçin?"

Kürekden, tolkundan, suwdan öñürti

Howa gerek ýüzer ýaly gämi üçin.


Dogrulara sapak berer ýalanlam

Meýdanlarda başyñ ýaýkap, ýaýdanma!

Goşgy däldir kelle göçüp ýazanlam

Aýdym diýmäñ içim gyssa, aýdanma.


Yürek dursa, gider ýaly nire bar

Hars urmasam inmek üçin köklerme?

Barçany bar etgen beýik Biribar

Şujagaz derdimi maña köp görme!


Sözler möhür bolup ýazylsyn daşa,

Erkinligi küýsäp kişñände atlar!

Bu söýgi - kalbymda ebedi ýaşar

Bu ýigrenç - içimde ömürlik ýatmaz!


Sungat Gurbangeldi

17
61
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.