ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
28.08.2022 21:13
Dünýäm gurşap aldy gamly dumanlyk, Gelermikä indi giden şatlygam? Kime gerek beýle nepsiz juwanlyk Kime gerek beýle düňle ýaşlygam Unudulyp galdym duman düýbünde Tozan basdym, emma kalbym kireňsiz
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
27.08.2022 11:24
....
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
26.08.2022 12:56
Zenan-bäş harp. Dünýe ýaly çuň many Zenanlaň dünýäsi şeýle üýtgeşik Siz ýok-manysyz geçerdi bu pany Sizsiz bu dünýä bolardy betgelşik Zenanlar ýylgyrsa älem ýylgyrar Zenanlar ýylgyrsa görk alar dünýä
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
26.08.2022 00:45
Tapyp bilemok köp zatlaň jogabyn Düşünmek kyn, düşündirmek has beter Kim baýlyk toplar, kim toplar sogabyn Düşünmek kyn, düşündirmek has beter Iş bitirseň senden uly minnetdar Iş bitmese-de dag ýaly
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
25.08.2022 23:08
“Aklym” diýdim, jyda düşdüm aklymdan, “Dünýäm” diýdim, ters aýlandy dünýämem. Ýogsa sen aklymam, dünýämem däldiň, Wah, men muny juda anyk bilýänem welin, Nämüçindir, ynjalygym ýok, Gursagymy gyýyp
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
25.08.2022 09:52
Bu gün ýene, kalbym seni soraýar, Ýatlap ajap enesiniň gülini Sen entägem geljegimden gideňok, Arzuwymda ejemjanyň gelini Nirden? Nädip? Beýle söýgi diýsene! Görmesekde bir-biregi gözünde Men seniň
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
25.08.2022 09:50
Bilmedim, nireden girdiň dünýäme, Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk. Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a, Bary-ýogy internetde ýazyşdyk. Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam, Göwnüň ýaly gözel eken
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
25.08.2022 01:02
Dözermikäm? Çözermikäm? Ykbalyň kynçylygyny Kürek edip ýüzermikäm? Özi ýeke, ýüzleri kän Haýyş etse, "ýüz berme" kän! Işe geçjek, güzermikä? Haram iýsem hezilmikä? Ýa ahyrýet ezermikä?
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
24.08.2022 23:25
Gowluk hakda tutarygy az bolan, Ýamasy köp “ynsan” diýen eşigmiň. Gyryp ençe arzuwlarmyň ganatyn, Göge bakyp ýerdeligme düşündim. Öňýeteni ýakyn saýdym, ynandym, Şeýdip başym kän degipdi daşa-da.
ylham_gurbanaly
24.08.2022 23:19
MINIATÝURALAR

* * *
Bir goşgy ýazdy. Özüne düşündirdiler.

* * *
…we bir gün, adatdaky bolşy ýaly, öýe geldim: ýok ekenim.

* * *
Ýerzeminde, kyrk alty ýaşynyň içinde, ýetip gelýän ýigrimi üçünji doglan gününe bagyşlap goşgy ýazmaga başlady we arheologlara selfi düşüp ugratdy.

* * *
Şeýle bir çuň pikirlendi… Iň soňunda gitdi-de, mazardaşyndaky suratyny dyrnaçaklady, adyny pozdy.

* * *
Ýürekden ýaşady, kelleden atyldy, bagryndan asyldy, ruhundanam kowdular neressäni.

Rahat Şyhyýew

* * *

Duralgadaky ýaş gelin telefonyny öçürip, begenjine: “Buşluk, oglum bolupdyr!” diýdi-de, mylaýym ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym.

* * *
Olar älem giňişligine uçdular. Gelenlerinde dünýä ýerinde ýokdy.

* * *
Sapançany aýna çenäp, mäşäni gysdy we assadan ýere ýykyldy aýnadaky sudury.

Begençgeldi Orazow

* * *
Pul ýagýar. Topulmaga adam ýok.

* * *
Ýene-de basyrganypdyryn. Düýşümde, oýanýamyşym.

* * *
Sagadyma seredýän, her gezek bir zat görkezýä. Aldagçy.

Umyt Küle

BIR ÖMÜR

Neresse bary-ýogy alty gün ýaşady we bütin ömrüni aglap geçirdi.

Mukam Muhamow
6
97