ylham_gurbanaly
25.08.2022 09:50
Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.

Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim,
Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek.
Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde
Gursagymy beýlesine çöwürip.

Öňde-soňda bolan sowuklyklary
Unutdyk-da, kalbymyzda ýaz açdyk.
Ýogsa imrinmäge pursatam ýokdy,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Sapa Hommadow.
12
285
ylham_gurbanaly
26 Awgust 2022
GoLd, bah, şeýle diýsene
ylham_gurbanaly
26 Awgust 2022
GoLd, baý baý muny. Dur dogan dur. Oýun edip aýdaýdym welin, beh senem-ä...
ylham_gurbanaly
25 Awgust 2022
GoLd, goýa:) belki özüň bilmeýän bolaýma)
RuníA
25 Awgust 2022
Internediň sogaby diýen bolupmy😂. Tanyşlygada pul berýäňiz biliň şony! Goşa garraňyzda plança manat gitdi ýaşlyk tanyşymyzda diýip oturmarsyňyz😂

Nirä seretseň ilki töründe pul ýüzündäki sakallylar otyraý 🤭

Söýgiň içinede Ĝörogly dagy goşulýaraý.
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
Hazira gowy soygimiźz😍😍😍😍
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
Crazy girl señ bagyña jyklamok men gyzyklamdäl maña, taşlanyn näbilýäň toslamana ökdemi sen 😏 seň bilen hetjikleşip özümi kiçeltjekdäl😌🍒
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
🍒😁 bilmek añsat düşmez, soñam öz bagyña üns ber wagtyñy ile durmuşyna sarp etme sen gowusy🤗
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
Crazy girl 2 mizem tanaýañmy🤣
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
Hany adymyzyñ 1nji harpyn aýt😁
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
Pikriñede gelmez kimligimiz🤣
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.