ylham_gurbanaly
25.08.2022 23:08
“Aklym” diýdim, jyda düşdüm aklymdan,
“Dünýäm” diýdim, ters aýlandy dünýämem.
Ýogsa sen aklymam, dünýämem däldiň,
Wah, men muny juda anyk bilýänem
welin,
Nämüçindir, ynjalygym ýok,
Gursagymy gyýyp barýar bir ynjy.
Hawa, sen akylam, dünýä hem däldiň,
Ýöne gyzlaň arasynda birinji –
Ähli gyzdan zyýadadyň.
Melekdiň,
Owadandyň.
Ajaýypdyň.
Näzikdiň.
Hut dälilik hetde ýetirdiň meni,
Dillen, serwim, dillen, maňa näm etdiň?

Nätdiň ýaňy gunça açan ýüregi?!
Gül ömrümi tagmaladyň dert bilen.
Ýer ýumruklap özelendim gideňde,
Dermanyňy bermän gitdiň, dert beren!

Derdim bilen ýatyp galýan gijeler,
Daňym atýar derdim bilen ýatyrkam.
Gel!
Dön!
Dolan!
Bu aýylganç dert bilen
Galan ömri men nähili ötirkäm?!


Sapa HOMMADOW
7
145
RuníA
26 Awgust 2022
Zoluşka,Ajaýyp tolgunduryjy hawa, sebäpkäri bolup göreňde duýarsyň✨.
wolf
26 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
ylham_gurbanaly
26 Awgust 2022
Myhman Myhman, Salam. Tanamadym? Sapa Pedde okady Çärjewdäki
Myhman Myhman
26 Awgust 2022
Salam zýom ;).Talyplar.comda okapdym 🤔

Ýalňyşmasam özi hakynda tanyşdyranda okapdym 🤔🤔

Haz arhiwi döreýin :).
ylham_gurbanaly
26 Awgust 2022
Myhman Myhman, kim aýtýa Sapa daşary ýurtda okan diýip?

Gülşat Ataýewa, has täsirli...
gulshatayewa97
26 Awgust 2022
Gowy gorýäň öýdýän şu goşgyny geçen aýam paýlaşypdyň🤗
zolushka
25 Awgust 2022
Myhman Myhman,hemişe gowy bol. (( Soragma jogap bermediň!!

Imissyou,Salam. Gowmysyňyz. (( Goşgy düzmek siziň islegiňize we ylhamyňyza bagly🙂
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
Gowy menem 🤗🤗🤗🌷.
zolushka
25 Awgust 2022
Myhman Myhman,gowy Alla şükür. Siz gowmy(( biz tanyşmy??

CrAzY Girl,Wah akyllyja balama sen meniň alaý äýnegimi döwäýmegin ýöne. Äýneksiz men gijelerne saňa erteki okap berip bilmerin🙃🙃
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
Menem gyzyklanyp görýänle söýgüli şahyrlarym hakynda ;))

Gowmuň onnaň ?

Crazy boşwer 😌😌😌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.