ylham_gurbanaly
24.08.2022 23:19
MINIATÝURALAR

* * *
Bir goşgy ýazdy. Özüne düşündirdiler.

* * *
…we bir gün, adatdaky bolşy ýaly, öýe geldim: ýok ekenim.

* * *
Ýerzeminde, kyrk alty ýaşynyň içinde, ýetip gelýän ýigrimi üçünji doglan gününe bagyşlap goşgy ýazmaga başlady we arheologlara selfi düşüp ugratdy.

* * *
Şeýle bir çuň pikirlendi… Iň soňunda gitdi-de, mazardaşyndaky suratyny dyrnaçaklady, adyny pozdy.

* * *
Ýürekden ýaşady, kelleden atyldy, bagryndan asyldy, ruhundanam kowdular neressäni.

Rahat Şyhyýew

* * *

Duralgadaky ýaş gelin telefonyny öçürip, begenjine: “Buşluk, oglum bolupdyr!” diýdi-de, mylaýym ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym.

* * *
Olar älem giňişligine uçdular. Gelenlerinde dünýä ýerinde ýokdy.

* * *
Sapançany aýna çenäp, mäşäni gysdy we assadan ýere ýykyldy aýnadaky sudury.

Begençgeldi Orazow

* * *
Pul ýagýar. Topulmaga adam ýok.

* * *
Ýene-de basyrganypdyryn. Düýşümde, oýanýamyşym.

* * *
Sagadyma seredýän, her gezek bir zat görkezýä. Aldagçy.

Umyt Küle

BIR ÖMÜR

Neresse bary-ýogy alty gün ýaşady we bütin ömrüni aglap geçirdi.

Mukam Muhamow
6
97
wolf
25 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
RuníA
25 Awgust 2022
Милая.G,şoda oýlandyrdy meni

YGurbanaly23,hawa😶
ylham_gurbanaly
25 Awgust 2022
RUNÍA, hawa, olaram başgaça) Gelinli-de...
RuníA
25 Awgust 2022
(Has şu :Şeýle bir çuň pikirlendi...Iň soňunda gitdi-de. Mazardaşyndaky suratyny dyrnaçaklady, adyny pozdy.) Soň bular: Ýerzeminde, kyrk alty ýaşynyň içinde.....; we bir gün, adatdaky bolşy ýaly, öýe geldim: ýok ekenim.
ylham_gurbanaly
25 Awgust 2022
Милая.G, Salam. Ýürekden ýaşady, kelleden atyldy, bagryndan asyldy, ruhundanam kowdular neressäni...
Милая.G
25 Awgust 2022
Duralgadaky yas gelin telefonyny ocurip,begenjine:,,busluk ,oglum bolupdyr!,, Diydide ,mylayym yylgyrdy.menem yylgyrdym🙄🙄🙄🤔

Sizi haysysy oylandyrdy
bismark
24 Awgust 2022
Sagadyma seretyan her gezek bir zat gorkezyä.Aldagçy🤔🤔🤔
ylham_gurbanaly
24 Awgust 2022
Haýsysy has oýlandyrdy...)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.