ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
27.10.2022 14:44
Kaktus ýaly kök taşladym, Ýandak ýaly gülledim men... Barybir sen tiken diýdiň, Güllerimi görmediň sen... Görmediň sen geljegimi Görmediň sen geljegiňi Çigit ýaly umyt berseň, Kynçylyklar yeňjegimi
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
25.10.2022 00:46
Men seni söýýäni kän gezek diýdim, Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi. Käbirinden puç dolandy umydym, Käbiri ýanymda ýekesiretdi Sözleri ýüzüme çaýsa-da gülki, Özleri dünýämden daşardadylar Olar bagtym
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
24.10.2022 12:24
....
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
24.10.2022 11:01
.....
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
24.10.2022 10:55
.....
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
18.10.2022 01:14
Arhiw....
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
18.10.2022 00:53
.....
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
16.10.2022 16:26
Gitdiň göwün sähradan nowbahar dek, Dönseň yza - umyt gapym ýapylmaz Goparlan güle döndim, solup barýan, Täzeden ekjek bagbanam tapylmaz Dag başynda eremeýän gar ýaly, Ýalňyzlyk asla gitmedi başymdan
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
16.10.2022 16:13
Üýşüp dostlaň arasynda ...Jedel dogry barasynda Käte dostyň göwni üçin, Ýeňilmeli arasynda... Gyzdan ýeňlen kişi kiçi, diýip dostlaň garasada Käte gyzyň göwni üçin, Ýeňilmeli arasynda... Utansyran
ylham_gurbanaly
15.10.2022 18:00
Senli pikirler gurşady daşymy,
Her biri ok bolup, geçdi serimden
Sen bolsa öz dünýäň bilen başagaý,
Habaryň ýogam-a pikirlerimden

Gezip ýörün bir diwana derwüş deý
Ýol tapmak isläpjik, syrly dünýäñe
Hemem, ýol tapman, azaşan pursadym,
Öz bolşuma-da öz-ozüm gülýäne

Sen bolsa üýtgetmän öňki bolşuňy
Şol gidip barýarsyň, öz ýoluň bilen
Edep mekdebidiň, akylyň öýi
Ýaňy nowjuwanja, gyz halyň bilen

Dünýäň gözelligin özüňde jemläp,
Hem bäsdeş edinip, gülleriň baryn
Ir bilen okuwa barýan pursadyň,
Jemalyňda gördüm - jennediň nuryn

Kalbynda bardy “haýa” atly sakçy,
Girip bilenokdy her dogry gelen
“Öz möhri bolmasa bolanok”-diýdi,
Girmekçi bolamda öz golum bilen

Ýöne menem umytlarym üzmerin,
Geçsek geçeris-de, saryja güýzden
Öňümiz gyş, belki sakçyda üşär
Şonda rugsat bolar, dymmaja gyzdan



Ylham GURBANALYÝEW (2020)
15
92