Men seni söýýäni kän gezek diýdim,
Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi.
Käbirinden puç dolandy umydym,
Käbiri ýanymda ýekesiretdi
Sözleri ýüzüme çaýsa-da gülki,
Özleri dünýämden daşardadylar
Olar bagtym bolup bilerdi, belki,
Emma söýgim bolup başarmadylar
Meger, men sebäpli ökünip näler,
Kimleň geçmişine dolanşy gamdyr
Ýöne, öt ýazygymy, öňki günälem,
Meniň seni gözlän synanşygymdyr
Mätgurban Mätgurbanow