Senli pikirler gurşady daşymy,
Her biri ok bolup, geçdi serimden
Sen bolsa öz dünýäň bilen başagaý,
Habaryň ýogam-a pikirlerimden
Gezip ýörün bir diwana derwüş deý
Ýol tapmak isläpjik, syrly dünýäñe
Hemem, ýol tapman, azaşan pursadym,
Öz bolşuma-da öz-ozüm gülýäne
Sen bolsa üýtgetmän öňki bolşuňy
Şol gidip barýarsyň, öz ýoluň bilen
Edep mekdebidiň, akylyň öýi
Ýaňy nowjuwanja, gyz halyň bilen
Dünýäň gözelligin özüňde jemläp,
Hem bäsdeş edinip, gülleriň baryn
Ir bilen okuwa barýan pursadyň,
Jemalyňda gördüm - jennediň nuryn
Kalbynda bardy “haýa” atly sakçy,
Girip bilenokdy her dogry gelen
“Öz möhri bolmasa bolanok”-diýdi,
Girmekçi bolamda öz golum bilen
Ýöne menem umytlarym üzmerin,
Geçsek geçeris-de, saryja güýzden
Öňümiz gyş, belki sakçyda üşär
Şonda rugsat bolar, dymmaja gyzdan
Ylham GURBANALYÝEW (2020)