Gitdiň göwün sähradan nowbahar dek,
Dönseň yza - umyt gapym ýapylmaz
Goparlan güle döndim, solup barýan,
Täzeden ekjek bagbanam tapylmaz
Dag başynda eremeýän gar ýaly,
Ýalňyzlyk asla gitmedi başymdan
Diýdim özüme: "öňkiň dek şat bolgun,
dertlerim il okamasyn daşymdan"
Çöküp barýan jümmüşine ummanyň,
Halas etjek diňe sensiň ýeketäk
Ýürek kenaryňa barjak ýol bilen,
Ýürek bilen söhbet etjek ikiçäk
Ýadaman ýüregiňe barmak üçin,
Böwet bolmaz ählije duzaklar-da
Seniň bilen aglap, seň bilen güljek
Bir jan bar,
men bardyryn uzaklarda...
Ylham GURBANALYÝEW