ylham_gurbanaly
19.07.2023 20:30

"Adaty söýüpdi" diýäýde, goýaý,

Özüňde günäni goýmazlyk üçin.

Wagtlaýyn duýgyňam yzyna alaý,

Täze söýgülere gönezlik üçin.


Söýüşmäge adam tapdy:r ahyry,

Gezibergin ýeňles duýgyň badyna.

Içiň gyssa ýatlamany çagyryp,

"Goşgam goşan bolýady" diý, adyma.


Adaty zatlaryň gadry bolmaýar,

Gadry bolmaýşy deý adaty günleň.

Gowy duşuşyga kaktus barmaýar,

Söýülýäni azdyr adaty gülleň.


Ýürekden diýmedik sözleriň kaýda?

Üýtgeşik dälleriň galarmy baky?

Eýsem, düşýädimi ýadyňa, heý-de,

Düýşleri bolmadyk adaty ukyň?!


...Gowysy, kynçylyk bolmazlyk üçin,

Aý, garaz, ýene-de öňkilik bolaý.

Özüňde günäni goýmazlyk üçin,

"Adaty söýüpdi" diýäýde, goýaý.



Ylham GURBANALYÝEW

26
103
ylham_gurbanaly
18.07.2023 12:16

Bar bolsa aýdaweriň)

16
116
ylham_gurbanaly
16.07.2023 10:07

Alýan suratlaryň üýtgeşik mydam,

Üýtgeşik sen - alýan suratlaryňdan.

Çagajyklar ýaly begenip gezýäň,

Her suratyň berýän pursatlaryndan.


Her bir zatdan üýtgeşiklik gözleýäň,

Gözlejek bolýarsyň bölek pürsdenem.

Daşyňdan görenler, içinden diýýär:

"Dälä meňzeş, gelen ýaly Marsdanam"


Bugün biri, erte başga biri sen,

Seni bilen, durup bilmez geňlemän.

Erkin ýaşamagyň lezzetin duýýaň,

Ýaşap bilýäň, asla ili diňlemän.


Sadaja ýylgyryş, owadan gülki

Şolar bilen has-da, bolýarsyň gözel.

Senden köp ýatlama ýadygär galdy,

Menden bolsa: "Saňa duşmazdan ozal"


...Sen-ä öňkiligiň dowam ediber,

Şonuň üçin muň soňuna geçeýin.

Üýtgeşiklik tapsaň bir gün mendenem,

Bir,

Iki,

Üç.

Şkyrt.

Menem düşeýin...



Ylham GURBANALYÝEW

21
74
ylham_gurbanaly
07.07.2023 09:07
Gelerin, görerin diýseňiz!
26
98
ylham_gurbanaly
05.07.2023 23:59
Görkezmäwer jebrin ýeke bolmagyň,
Çekdirme bu syrly duýgyň ezýetin.
Seret, Güni ýitirenne utanyp,
Ýaňaklarny gyzardyp dur gözýetim.

Teý dumandan alyp bilmän başym men,
Göweçde - zer, künji - boldum juwazda.
Bilbildim, bir bildim yşkyň nädigin,
Soň ne lezzet, ne dat galdy owazda.

Küreksiz goýsaňam ýüreksiz goýma,
Orruk - ortasynda alawly deňziň.
Gapyl goýup ogurlapdyr erkimem,
Ýaňagyň, idelen dideleň, meňziň.

Duýgym düme, erkim bolsa bireýýäm,
Bidin elden çykyp boldy ýabany.
Ýa gel,
Ýa ýüregmi berip git, läläm
Meň ýüregim – Ahillesiň dabany.


Mukam MUHAMOW
18
61
ylham_gurbanaly
05.07.2023 13:49
Öňkijelerden...
29
50
ylham_gurbanaly
05.07.2023 00:07
Aýnada özümi görmek islämok,
Göremde-de, görkezmeýär özümi.
(Kim biler diýsene, göwnüçökgüniň
ýigrenýändigini görse özüni)

Ha-ha-haýlap joşup gülesim gelýär,
Aýyryp ýasama ýylgyryşlary.
Käteler meňzejek bolýanymam geň,
Göremde asmanda uçýan guşlary.

Geň gerek, seni üýtgeden sagadyň,
Meni üýtgedibem bilmeýändigi?!
Yşky ykbalyma wagtlaýyn berip,
Hemişelik guss:a güýmeýändigi?!

...Bolýar, ýene şo-ol derdimi aýdyp,
Başlamaýyn indi, goýaýyn gowsy.
Daşarda iýul bar, gursakda ataş,
Öňkiler deý ýanyp, geçreýin tomsy.


Ylham GURBANALYÝEW
30
84
ylham_gurbanaly
29.06.2023 12:12
Aýryp bilmän bir söýenmi serimden,
Yzda goýup söýýänleriň niçesin.
Mäkäm tutup ýalňyzlygyň elinden,
Synlap barýan ykbalymyň köçesin.

Öňler şeýle ajaýypdy - ol köçe,
Ýollary gurlupdy geljege sary.
Kynçylyk bolsa-da, her güni niçe,
Şatlykdan doludy duralgaň bary.

Umytlar ýaşardy arzuwy bilen,
Yşkdan ýaňa şuglalydy gije-de.
Her bir penjiresin ynamly gören,
Mahrum däldi - "bagt" atly bijeden

...Arman, indi şol köçäňem kemi bar,
Bolmaýşy deý gözelleňňem bir kemsiz.
Şol ýetmeziň müdümilik ýeri bar,
Ýetmezim - Sensiň!


Ylham GURBANALYÝEW
26
145
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
10.06.2023 00:49
Gelerin, görerin diýseňiz!
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
03.06.2023 02:19
Dillen göwnüm, neçün beýle?! Nirde goýdum hata baryn? Doglanymdan şu güne çen, Aýt, ýüzüme hatalarym. Aýtsana sen, eziz göwnüm, Mydam düňle, hötjetmidim?! Hemme gelip saňa degdi, Menem seni