ylham_gurbanaly
29.06.2023 12:12
Aýryp bilmän bir söýenmi serimden,
Yzda goýup söýýänleriň niçesin.
Mäkäm tutup ýalňyzlygyň elinden,
Synlap barýan ykbalymyň köçesin.

Öňler şeýle ajaýypdy - ol köçe,
Ýollary gurlupdy geljege sary.
Kynçylyk bolsa-da, her güni niçe,
Şatlykdan doludy duralgaň bary.

Umytlar ýaşardy arzuwy bilen,
Yşkdan ýaňa şuglalydy gije-de.
Her bir penjiresin ynamly gören,
Mahrum däldi - "bagt" atly bijeden

...Arman, indi şol köçäňem kemi bar,
Bolmaýşy deý gözelleňňem bir kemsiz.
Şol ýetmeziň müdümilik ýeri bar,
Ýetmezim - Sensiň!


Ylham GURBANALYÝEW
26
145
Myhman Myhman
29 Iýun 2023
@ylham_gurbanaly, Salam gowumy gullga gitdiñmi sag aman gutaryp gel😁 (Crazy)
okan
29 Iýun 2023
Gowy gosky 👍👍👍
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2023
@Guzela✔, nähiliräk?
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2023
@okayjy, Gullukda girip bolanokmy)
okayjy
29 Iýun 2023
Berekella dost 👍. Gowy goşgy bolupdyr. Sen gulluga gitdiñ diýip bilýädim 🤔
king_tm
29 Iýun 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.