ylham_gurbanaly
05.07.2023 23:59
Görkezmäwer jebrin ýeke bolmagyň,
Çekdirme bu syrly duýgyň ezýetin.
Seret, Güni ýitirenne utanyp,
Ýaňaklarny gyzardyp dur gözýetim.

Teý dumandan alyp bilmän başym men,
Göweçde - zer, künji - boldum juwazda.
Bilbildim, bir bildim yşkyň nädigin,
Soň ne lezzet, ne dat galdy owazda.

Küreksiz goýsaňam ýüreksiz goýma,
Orruk - ortasynda alawly deňziň.
Gapyl goýup ogurlapdyr erkimem,
Ýaňagyň, idelen dideleň, meňziň.

Duýgym düme, erkim bolsa bireýýäm,
Bidin elden çykyp boldy ýabany.
Ýa gel,
Ýa ýüregmi berip git, läläm
Meň ýüregim – Ahillesiň dabany.


Mukam MUHAMOW
18
61
okan
6 Iýul 2023
@ylham_gurbanaly, Köplenc oz goşgularyňyzy goýaňyzsoň awtoryna ünüs bermandirin gowy gosgy eken
ylham_gurbanaly
6 Iýul 2023
@okan, Salam. Awtor men däl)
okan
6 Iýul 2023
Yene-de gowy goşgularyñyzyñ biri üstünlik size 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.