ylham_gurbanaly
25.08.2023 11:41

Benzema bilen Neýmar Özbegistana gelýär.


Ronaldo Täjigistana gelýär.


Biziňkilere-de üstünlik!

33
171
ylham_gurbanaly
25.08.2023 08:39

Duşuşmak arzuwna bisabyrdyk biz,

Göreçler göreje bakmanka heniz.

Emma ne döw çaldy.

Bilmedik asla...

Aýralyk söýgümiz görüpdi eziz.


Aýralykdan öňki ajaýyp günler,

Ýatylmanka ýatlap çykylar daňa.

Suratdan, kalbyňdan alnan keşbiňi

Ýüzläp sapar düýşler görkezer maňa.


Nesibede bolsa duşuşarysam...

Ýollar saňa duşyr.

Duşyr ol, hökman!

Iýäýjek bolsa-da göreçlerimiz,

Görmedik bolarys, gözlere bakman.


Belki, soň ýene-de duşuşarys biz

Bakaryn öýmeli başyňa ýarym.

Öňler otagymda açylmaly gül,

Bezär şonda, özge ýeriň güldanyn...


Hakyda hoşlaşyk gününde galar,

Gulakda ýaňlanar aýralyk sözi.

Ýüzläp düýş, onlap ýol, bir şäher,

emma...

Ykbal bir ýassykda duşurmaz bizi.



Ylham GURBANALYÝEW

2022

36
84
ylham_gurbanaly
20.08.2023 12:08

Gözellik sada bolsa has-da gözeldir...



Hemmåniň halamagy hökman däl.

31
107
ylham_gurbanaly
20.08.2023 09:11

Inter Miami taryhynda ilkinji kubogyny aldy.🏆


Messi 7 oýun 10 gol. Kubogyň bombardiri⚽️.


7 oýun 1kubok. Kubogyň iň gowy oýunçysy.🎖

41
149
ylham_gurbanaly
19.08.2023 15:17

Kalbym halys ýadap, düşüpdir tapdan,

Ýüregimde galan tyglygňa şükür.

Çekmese-de saňa nesibäm düýpden

Bu yşky zeminde barlygňa şükür.


Giň äleme inip, ýaýnamadygym,

Durmuşyň goýnunda baýnamadygym

Söýenim sen, arman, saýlamadygym,

Sensiz bu dünýäniň darlygna şükür.


Ykbal galam berdi maňa ýaz diýip,

Çilim deý ýanýaryn yşkyňda köýüp,

Geçmedi, geçmeýär, söýlemek aýyp...

Ölinçäm mähriňe zarlygma şükür.


Umydym sen hem içdäki armanym,

Mähriň küýsäp, giň älemi sermänim,

Maňlaýyma ýazylmadyk permanym,

Ýaraly ýüregme ýarlygňa şükür.


Kalbym bossan wagty, kerwensaraýym,

Ýazmana sebäbim, gamda haraýym,

Uzakdanam, razy, roýuň göreýin,

Öçen göreçlemde çoglugňa şükür.


Munda hiç hasrata dözmedigim sen,

Kalbymdan adyňy pozmadygym sen,

Kä aýanym, käte gizledigim sen,

Daýanjymyň Biribarlygna şükür.



✏Mahym ILHANOWA

32
59
ylham_gurbanaly
19.08.2023 07:36

Nobatdaky E-agşam. Gelerin, görerin diýseňiz!

19
47
ylham_gurbanaly
15.08.2023 10:10

Mekan eýläp arş-u-asman,

Hyýalda ganat gerdim men.

Çigit ýaljak göwnüň tapman,

Üstesine kän degdim men.

Özge yşky günde agzap,

Ýer tapmadym her bendimden

Duýgulara boldum bezgek,

Sen gezdiň meniň derdimde

Umyt gitdi - ençe gezek,

Arzuwlar aldady niçe.

Kän düşündiň, goldaw berdiň

Sen ýene-de düşün,

Eje!

Saňa bolan çuňňur yşky

Biljek diňe Arşda,

Ah, dellerden söýgi gözlän,

Samsyjagyňy bagyşla!



Ylham GURBANALYÝEW

14.08.23

24
49
ylham_gurbanaly
14.08.2023 20:44

Seň ornuňda özüm goýup birsellem

Oýlanýan.

Kä ýüzleý, kä arkan ýatyp

Ötüpdir ýarym asyryň menzili

Wagtam gezip ýör, şo-ol hallan atyp

Geçipdir ençe-ençe kynçylyklar

Öý.

Mekdep.

Maşgala.

Ikiýan ýortup

Şeýdip ötüpdir ömrüň deň ýarysy,

Olar sanadygymça, has-da artyk.

Bugün bolsa geçmişiňe göz aýlap,

Otursyň elli alty arka atyp.

Hawa, doglan güniň, begenýän oňa

Wah, ýöne, gynanjymam has-da artyk

Sebäp diýseň ýaş bilen ömür barýar,

Ýylsaýyn saçyň agy barha artyp

Ömrüň barha kemelýäne oguşýa

Ýok. Ýok.

Oýlanmaýynam mundan artyk

Biderek zatlary pikirlenmälem

Doglan gün. Begenmeli.

Bolsun şatlyk.

Bize tanyş pikirlerde bolalyň!

Ýat pikirler galybersin, şol ýatlyk

Arzuwlar aýdylsyn gowydan-gowy

Doglan günde şatlanypjyk, gül eje!

Ömrüň uzak boslun, ýanynda saglyk,

Allam berse, kyrk dördi-de al eje!



Ylham GURBANALYÝEW

40
188
ylham_gurbanaly
13.08.2023 09:19

“Indä gyş gutardy” diýlen pursatda,

Ownujak gar tozgalary galgaýar.

Käte şeýle işler bolýar dünýäde,

Tebigatam adamlary aldaýar.


Ynam edip, käte ynsan ynsana,

Özünde bar pikirlerin baglaýar.

Käte garaşan tamaňam çykanok,

Pikirlerem adamlary aldaýar.


Hasrat laýyna batanda kä ynsan,

Arak bilen keýplerini çaglaýar.

Dogry ýoly gözlemäge çalşanok,

Şeýtan mydam adamlary aldaýar.


“Plan günden plan zat bolmalydyr hökman”-

diýip ynsan geçen günin sanaýar.

Emma “nesip bolsa” ýada düşenok,

Hasaplaram adamlary aldaýar.


Kakasyndan aýra düşen çagajyk,

“Bir gün kakam geler” diýip aglaýar.

Umyt baglan kakasy-da gelenok,

Käte umyt adamlary aldaýar.


“Seret oňa,

Ol mydama şadyýan

Şatlyk bilen ähli zady jaýlaýar”

Içdäki gaýgyny hiç kim bilenok,

Daşky şatlyk adamlary aldaýar.


“Bolan işde bir zadyň günäsi bar”-

diýip hemme öz-özüni goldaýar.

Emma bar zadyň gözbaşy ynsanýet,

Ynsan mydam öz-özini aldaýar...



Ylham GURBANALYÝEW

2021

36
96
ylham_gurbanaly
12.08.2023 23:28

Üýşüp dostlañ arasynda,

...Jedel dogry barasynda,

Käte dostyñ göwni üçin,

Ýeñilmeli arasynda...


Gyzdan ýeñlen kişi kiçi,

diýip dostlañ garasada.

Käte gyzyñ göwni üçin,

Ýeñilmeli arasynda...


Utansyran bolma hijem,

Çaga sojap aglasada.

Käte çaga göwni üçin,

Ýeñilmeli arasynda...


Ýeñijidir öýtme özüñ,

Ýeñişleriñ sanasañda.

Bu durmuşam ýeñmek üçin,

Ýeñilmeli arasynda...



Ylham GURBANALYÝEW

2018.

38
111