Seň ornuňda özüm goýup birsellem
Oýlanýan.
Kä ýüzleý, kä arkan ýatyp
Ötüpdir ýarym asyryň menzili
Wagtam gezip ýör, şo-ol hallan atyp
Geçipdir ençe-ençe kynçylyklar
Öý.
Mekdep.
Maşgala.
Ikiýan ýortup
Şeýdip ötüpdir ömrüň deň ýarysy,
Olar sanadygymça, has-da artyk.
Bugün bolsa geçmişiňe göz aýlap,
Otursyň elli alty arka atyp.
Hawa, doglan güniň, begenýän oňa
Wah, ýöne, gynanjymam has-da artyk
Sebäp diýseň ýaş bilen ömür barýar,
Ýylsaýyn saçyň agy barha artyp
Ömrüň barha kemelýäne oguşýa
Ýok. Ýok.
Oýlanmaýynam mundan artyk
Biderek zatlary pikirlenmälem
Doglan gün. Begenmeli.
Bolsun şatlyk.
Bize tanyş pikirlerde bolalyň!
Ýat pikirler galybersin, şol ýatlyk
Arzuwlar aýdylsyn gowydan-gowy
Doglan günde şatlanypjyk, gül eje!
Ömrüň uzak boslun, ýanynda saglyk,
Allam berse, kyrk dördi-de al eje!
Ylham GURBANALYÝEW