ylham_gurbanaly
13.08.2023 09:19

“Indä gyş gutardy” diýlen pursatda,

Ownujak gar tozgalary galgaýar.

Käte şeýle işler bolýar dünýäde,

Tebigatam adamlary aldaýar.


Ynam edip, käte ynsan ynsana,

Özünde bar pikirlerin baglaýar.

Käte garaşan tamaňam çykanok,

Pikirlerem adamlary aldaýar.


Hasrat laýyna batanda kä ynsan,

Arak bilen keýplerini çaglaýar.

Dogry ýoly gözlemäge çalşanok,

Şeýtan mydam adamlary aldaýar.


“Plan günden plan zat bolmalydyr hökman”-

diýip ynsan geçen günin sanaýar.

Emma “nesip bolsa” ýada düşenok,

Hasaplaram adamlary aldaýar.


Kakasyndan aýra düşen çagajyk,

“Bir gün kakam geler” diýip aglaýar.

Umyt baglan kakasy-da gelenok,

Käte umyt adamlary aldaýar.


“Seret oňa,

Ol mydama şadyýan

Şatlyk bilen ähli zady jaýlaýar”

Içdäki gaýgyny hiç kim bilenok,

Daşky şatlyk adamlary aldaýar.


“Bolan işde bir zadyň günäsi bar”-

diýip hemme öz-özüni goldaýar.

Emma bar zadyň gözbaşy ynsanýet,

Ynsan mydam öz-özini aldaýar...



Ylham GURBANALYÝEW

2021

36
96
9404
13 Awgust 2023
👏👏👏👏👍
bayramgeldiyewarslan
13 Awgust 2023
👍❤
2580
13 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
1980
13 Awgust 2023
Şatlyk bilen ähli zady jaýlaýar 😔😔hasap edeniň bolmaz nesip edeni bolar 👍👍👍
gurbanowa
13 Awgust 2023
👍🏻
sahed
13 Awgust 2023
👍😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.