ylham_gurbanaly
19.08.2023 15:17

Kalbym halys ýadap, düşüpdir tapdan,

Ýüregimde galan tyglygňa şükür.

Çekmese-de saňa nesibäm düýpden

Bu yşky zeminde barlygňa şükür.


Giň äleme inip, ýaýnamadygym,

Durmuşyň goýnunda baýnamadygym

Söýenim sen, arman, saýlamadygym,

Sensiz bu dünýäniň darlygna şükür.


Ykbal galam berdi maňa ýaz diýip,

Çilim deý ýanýaryn yşkyňda köýüp,

Geçmedi, geçmeýär, söýlemek aýyp...

Ölinçäm mähriňe zarlygma şükür.


Umydym sen hem içdäki armanym,

Mähriň küýsäp, giň älemi sermänim,

Maňlaýyma ýazylmadyk permanym,

Ýaraly ýüregme ýarlygňa şükür.


Kalbym bossan wagty, kerwensaraýym,

Ýazmana sebäbim, gamda haraýym,

Uzakdanam, razy, roýuň göreýin,

Öçen göreçlemde çoglugňa şükür.


Munda hiç hasrata dözmedigim sen,

Kalbymdan adyňy pozmadygym sen,

Kä aýanym, käte gizledigim sen,

Daýanjymyň Biribarlygna şükür.



✏Mahym ILHANOWA

32
59
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.