ylham_gurbanaly
10.09.2024 22:48
Dogrymy aỳtsam, “ Mejnun bilen bir

synpda yşk sapagyny okaşdym.” Ol

dörtlük alardy, meňki bäşlikdi.

Jesedim güle öwrülip, mazarymda

gögerse, o gülleri bir suwlawergin.

Meni ikinji gezek öldürme!

Şalara, soltanlara egmedik başymy

sen egdiň, belent köňlümi sen ýykdyň.

Indi nâtjek?!


Gündiz Gün bolup, gije Aỳ bolup,

ỳoluňa yşyk berdim,köňlüňe yşk

berdim. Maňa bolsa ỳumruk ỳalyja

ỳürek gerek, ỳüre-ek!

Sen gidersiň. Bagtly ýere gitseň ýagşy.Emma dili bilen bal akdyryp, gözi bilen gaýa goparyp ýören ýylmanajyk köçe jalataýyna aw bolarsyň öýdüp demigýân.

Üşân şemal ak maňlaýyňy sypap-sypap

ýylyndy.



Eýjejigim! Patyşa bolaýyn diýseň,

guluň-a bar.

***

Çigildem gary dilip çyksa, sen ỳüregimi dilip çykdyň.


Janym jan öýünden çykansoň, sen

ýadymdan çykarsyň.


"Gözellik bir başga, söýgi bir başga." diýip öwretdiler. Ikisini bir gyzda görüp aklym çaşdy.


Sen ỳüregime urlan hanjardanam beter bolduň. Hanjary sogrup bolỳar.Sen ölemde-de ỳüregimden sogrulmarsyň.

*
Gel diýdiň–geldim, git diýdiň–gitdim, dur diýdiň–durdum. Indi diňe öl diyerňe garaşyp ýörün.

***

Hemmeler: "Söýýâniň gowy gyz" diýýâr."Seni söýýârmi?" diýen bolmady.


Uzyn boýly diýseň, boýuma guwandym, akylly diýseň, aklyma guwandym. Saňa bolsa düỳpden başga zat gerek ekeni.

***

Seni söỳỳänim üçin dara çekjek boldylar. Dar agajy gysga geldi.

…Soňra tiz ukladyň.Myssyldyňa

guwandym oturdym.Men gije

soltanynyň sakçysy boldum.
18
105
ylham_gurbanaly
10.09.2024 19:43
Men gaýgy,
Meni gören gynanýar,
Edeni ugruna bolmaýanlardan.
Men telbe,
Edenin bilmeýänlerden.
Adam ýaly,
Emma welin adam däl.
Ruhum bolsa eýýäm taşlap gidipdir.
Ýitipdir.
Unudupdyr tenimi.
Belki azaşan bolmagam ahmal.
Ýaşap ýörendir ol başga birinde,
Ýa menden öýkelän borly.
Aý, ýöne menden...
Ruhum telbe,
Ruhum gaýgy,
Bedensiz.
...A siz?

Remezan Mämetgurbanow
15
76
ylham_gurbanaly
10.09.2024 10:16
"Bir gün" diýdiň maňa, "Günüň batyşyny kyrk dört gezek gördüm!".
Az salym soňam üstüne goşduň, "Bilýäňmi näme? Adam günüň batyşyny şeýle gowy görýär, içi gynançlyka..."
"Şol kyrk dört günüň batyşynda-da içiň gynançlydymy?" diýip soradym. Ýöne, dymypdy kiçijik şazada...

A. Ekzüperi, "Kiçijik şazada".
15
77
ylham_gurbanaly
09.09.2024 22:45
Pikirleriň aýanlykdan daşdamy
Ýa-da özümmikäm aňardan ejiz?!
Uzakdamy säwlikleriň yzasy,
Ýazgaryp günäsin öterden heniz?!

Bu ykbala günä diýmek gerek däl,
Ýolumyzy özümizdik başgalan.
Gadyrmyza gadyr goýup bilmedik
Ýitirmeklik gorkusyndan daşdakak.

Düşünemok, bu gün bagt dymyp dur –
Birmahalky öz ýanyna çagyran.
Ýa-da söýgi salymyza aslyşyp,
Aýralyga taşladykmy labyryn?!

Senem meni mençeräjik söýüpdiň,
Gizlemegiň hajaty ýok sözlemän.
Bu gün seniň gözleriňden agtaryp,
Edilmedik günälermi gözleýän.

...Dogrusy, men hakda arzuwňy gizläp,
Senem öz göwnüňi aldamadyňmy?!
Ýa-da soňky gezek jaňymy alman,
Gyzyl düwmä basyp aglamadyňmy?!

Allanur Bathyz
15
59
ylham_gurbanaly
09.09.2024 17:10
Görüşiňçe ajaýypdyr her gülem,
Mähir gerek ahyr - däli üçinem.
Uky kowan soragymy kim biler,
Näme üçin iýýär "näme üçin"-ler?

Geçmiş geljegimde durar ýaňlanyp,
Iller bilmez bolşum dälä deňdigin.
Gijeki asmana meňzär maňlaýym,
Köp zatdan galdyrar çekinjeňligim.

"Git" diýen sözleriň dünýäm bombalar,
Iç-içimde gygyraryn ses edip.
Bir eliňe hasaplaýjy al-da, ýar
Sanasana, ölen günleň jesedin.

Belki, bir gün lallara-da dil biter,
Setirlermi okap bersem kerlere.
Bilmen, kimler durmuşyma bal gatar,
Ölümimem buşluk bolar kimlere...

Ylham GURBANALYÝEW
2024. 09. 09
17
76
ylham_gurbanaly
01.09.2024 15:54
17 ýyl bolupdyr ilkinji sapar mekdebe baranyma...

Kimde näçe ýyl boldy?
43
355
ylham_gurbanaly
24.08.2024 01:32
Nesil gazeti.
24.08.2024

Okaryn diýseňiz!
25
127
ylham_gurbanaly
23.08.2024 18:20
Bulaşyk pikirler aklymy gädip,
Günde senden geçýän,
hem sende galýan.
Mekan tutanym sen, gideýin nädip?!
Men seniň her ýylgyrşyňda ýaşaýan.

Sowuk niýetlileň sowuk bakyşyn,
Üşetmez ýylgyrşyň, bu gyşa aýan.
Gözlem eglenşinden aňmaklyk kyn däl,
Men seniň her ýylgyrşyňda ýaşaýan.

Leblem "hoş gal" sözün gaýtalan pursat,
"Gitme" diýip, dynman haýkyrdy gursak.
"Seniň ýylgyrşyňda ýaşaýan" diýdim,
Synmaz utanjaňlyk dursa-da dyňzap.

Pikirlermi talamazdy pikirleň,
Duýgular duýguny etmezdi beýan.
Ylham bolup, joşgun bolup getirlen,
Men seniň her ýylgyrşyňda ýaşaýan.

Abat Aşyrgeldiýewna
19
78
ylham_gurbanaly
23.08.2024 12:32
"Söýgi näme?" diýseň,
diýmeli söz kän
Sözler çäkläp bilmez söýgüniň ýerin.
Söýgi - seniň düýniň,
şugüniň, ertäň
Söýgi elmydama ýanyňda seniň.

Söýgüden dem alýar ähli ömürem,
Şonsuz dünýä geçer betnyşan hala.
Söýgi - çagajygy ula öwürer,
Söýgidir - uluny öwürjek çaga...

Söýgi her bir zatda kalbyňa barar,
"Söýgi ýok" diýýäňmi?
Dirimiň heý, sen?!
Şöýgüden başlandyň,
şonda gutarar.
Söýgüsiz ýaşaýyş mümkinmi, eýsem?!

Ylham GURBANALYÝEW
21
79
ylham_gurbanaly
22.08.2024 08:48
Agşamara ot başyna egrilip,
Çopanlar çaýyny öňe alanda.
Ýaş oglan gürrüň tapýar warsaky,
Menem oňa gülen bolýan ýalandan.

Olar gürrüň edýär, uçgurny bezäp,
Bir ýeňlesiň toýa barşy hakynda.
Gulagyny şaňlatdylar öňem kän,
Herki zady bes etmeli çakynda.

Oýa batanymda, asmana bakyp,
Bir ýyldyz göz gypýar, bakýar şadyýan.
Kerwengyranmyka, Zöhremikä ol,
Bilmeýärin, başgamyka ady ýa!

Bir owdan gyzy ýada salýar ol,
Boýy sanjak ýaly, ýaňagy hally.
Dünýäde şol gyzyň barlygy üiçn,
Diňe şat günlerim ýadymda galdy.

Küýseginde geçýär bir meňzeş günler,
Bu günüm duşenbe, ertir sişenbe.
Has beter küseýän deň-duş oglanlar:
Pylan hem öýlenýärmiş diýşende.

Bahym bahar sowlar, tomusam geçer,
Guran çigitlerni döker sözenler.
Dowzaha düşse-de, perwaýsyz ýanar,
Bu dünýäde yşk oduna dözenler.

Çary Ýegenmyradow.
18
45