ylham_gurbanaly
09.09.2024 17:10
Görüşiňçe ajaýypdyr her gülem,
Mähir gerek ahyr - däli üçinem.
Uky kowan soragymy kim biler,
Näme üçin iýýär "näme üçin"-ler?

Geçmiş geljegimde durar ýaňlanyp,
Iller bilmez bolşum dälä deňdigin.
Gijeki asmana meňzär maňlaýym,
Köp zatdan galdyrar çekinjeňligim.

"Git" diýen sözleriň dünýäm bombalar,
Iç-içimde gygyraryn ses edip.
Bir eliňe hasaplaýjy al-da, ýar
Sanasana, ölen günleň jesedin.

Belki, bir gün lallara-da dil biter,
Setirlermi okap bersem kerlere.
Bilmen, kimler durmuşyma bal gatar,
Ölümimem buşluk bolar kimlere...

Ylham GURBANALYÝEW
2024. 09. 09
17
76
beghanym
12 Sentýabr 2024
@ylham_gurbanaly, sag boluň köp minnetdar
ylham_gurbanaly
12 Sentýabr 2024
@beghanym, Salam. Şu gün ýa-da ertir bolar
ylham_gurbanaly
9 Sentýabr 2024
@beghanym, Salam. Ýakynda bolar, nesip bolsa
beghanym
9 Sentýabr 2024
Salam Tanysmak diyen geplesigi geçirenzokmy gurnasaňyz öňüräginden aýdaýyň
beghanym
9 Sentýabr 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.