Bulaşyk pikirler aklymy gädip,
Günde senden geçýän,
hem sende galýan.
Mekan tutanym sen, gideýin nädip?!
Men seniň her ýylgyrşyňda ýaşaýan.
Sowuk niýetlileň sowuk bakyşyn,
Üşetmez ýylgyrşyň, bu gyşa aýan.
Gözlem eglenşinden aňmaklyk kyn däl,
Men seniň her ýylgyrşyňda ýaşaýan.
Leblem "hoş gal" sözün gaýtalan pursat,
"Gitme" diýip, dynman haýkyrdy gursak.
"Seniň ýylgyrşyňda ýaşaýan" diýdim,
Synmaz utanjaňlyk dursa-da dyňzap.
Pikirlermi talamazdy pikirleň,
Duýgular duýguny etmezdi beýan.
Ylham bolup, joşgun bolup getirlen,
Men seniň her ýylgyrşyňda ýaşaýan.
Abat Aşyrgeldiýewna