Agşamara ot başyna egrilip,
Çopanlar çaýyny öňe alanda.
Ýaş oglan gürrüň tapýar warsaky,
Menem oňa gülen bolýan ýalandan.
Olar gürrüň edýär, uçgurny bezäp,
Bir ýeňlesiň toýa barşy hakynda.
Gulagyny şaňlatdylar öňem kän,
Herki zady bes etmeli çakynda.
Oýa batanymda, asmana bakyp,
Bir ýyldyz göz gypýar, bakýar şadyýan.
Kerwengyranmyka, Zöhremikä ol,
Bilmeýärin, başgamyka ady ýa!
Bir owdan gyzy ýada salýar ol,
Boýy sanjak ýaly, ýaňagy hally.
Dünýäde şol gyzyň barlygy üiçn,
Diňe şat günlerim ýadymda galdy.
Küýseginde geçýär bir meňzeş günler,
Bu günüm duşenbe, ertir sişenbe.
Has beter küseýän deň-duş oglanlar:
Pylan hem öýlenýärmiş diýşende.
Bahym bahar sowlar, tomusam geçer,
Guran çigitlerni döker sözenler.
Dowzaha düşse-de, perwaýsyz ýanar,
Bu dünýäde yşk oduna dözenler.
Çary Ýegenmyradow.