Adaty içgysgynç gün. Ahyryn iş wagtam gutardy. Maşynma mündüm, internedäm açdym. Öwrenmeliden bildirişler gelipdir, postumda teswirlerler ýazyşylypdyr, (arasynda teswir ýazyp udalit edýänlerem tapylýa) öňem bir sapar gazetden goşgy paýlaşsam udalit edilipdir. Şondan bärem maňa günde 2 postdan köp rugsat ýok. (Özäm men howply adam ýaly postum gözegçilikden geçirlensoň goýulýa)
Garaz şo zatlara gaharlanyp işden öýe gelýärkäm bir zenan maşgala maňa laýk goýanyny gördüm. Minnetdarlyk bildirmek üçin maşyny sakladym. Birdenem:
-Boýagça baryp, ondanam Ýylanla (içiňizde Ýylanly galmady, Akdepe boldy diýýän bolsa-da, meň üçin Ýylanly entågem şol öňki) ýarym sagada eltseň agzyňa syganyny berýän (Görgüli howlukmaç bolmaly, ýogsam dagy zenan maşgala agzyňa syganyny berjek diýse gelşiksizrägem birhili. Men şuňa çaga wagtymam düşünemokdym, häzirem düşünemok. Agzyňa syganyny aýt, ýa-da kinolarda boş çek berip şuňa geregiňi ýazda alaý diýýälerä. Meselem şo boş çege million, milliard, trillion dollar diýip ýazsa berip biljekmikä. Özümä bilýän iň uly sanymy ýazardym. Ine arzuwyňa ýetdiň. Dile dilegiňi).
-Bolýa.
Kliendimi alyp (mundan beýläk klient) iň soňky gazda ugradym bellenilen ýere.
-Ýolda durup oturma (dilimiz üýtgeşigaý durup, oturma) salon töleýän özüm (Eýýäm baha düşdi gördüňizmi, ýaňyja boş çek berjekdi, indi dört adamyň puly). Türkmenistanyň howasyny dagy, ýaşar ýaly däl, bir aý boldy gelenime, ýene bir aý ýaşasam göni ölýän bärde (Ölmänkäň gidewer dogan, maşynda bir öläýmä).
-Nireden geldiňiz?
-Ankaradan, ýaşaýyş şo taýda eken, 2 ýyl boldy gidenime.
-O taýda işleýäňizmi?
-Nä güne serrelip ýatandyr öýdýäňmi, işlemeseň nan ýok o taýda, günde azyndan 12 sagat işlemeli, işem agyr, bärdäki ýaly hülli-hülliňe zat ýok o taýda (Allajan, hülli-hüllisi nämekä muň, türk sözümikä ýa, perewodyny bilýäňmi @G
ülşat Ataýewa?). Özüm-ä bir garra seredýän. Çagalary Germaniýada ýaşaýar. Her aýda pul ugradýarlar. Senem beýdip ýörenden gitmelilä şo ýere (Eý waý, meni kemsidip ugrady indi).-Nädip ýörenden???????
-Haçan bir klient münüp bir manat bererkä diýip ýörenden.
-Aý menä işden gaýdyşyn bir sellem.....
-Näme bir sellem, sen entek ýaş, şu wagt edeniň, edeniň, soň garransoň etjek diýseňem edip bilmeýäň. Türke gitmeli hemme.
-Ýaňyja işi kyn, zat diýip zeýrenip otyrdyňyz.
-Howwa işi kyn ýatyryba berenoklar saňa, uzakly gün haýdadýalar.
-Özümiňem arzuwym bar, Moskwany, Kremli bir gezegem bolsa görmek.
-Goýsana şo kesilmedikleri (kellesi kesilmişleri diýjek boldy öýdýän), türk nämede bolsa özüňki, öz türküň (özüňki, öz türküň, kelle bulaşdy, ertir irden ýygnak diýdimi, Neýmaram araplara baryp, entägem oýnanok, Ertir ýene Messiň oýny bar, Öwrenmelide @altyyeva ýene özüni ulular ýaly alyp baryp, birine kakdyryp post açypdyr, @_güli öňkiler ýaly urşanok diýsem, @elýamy ýa @köwser ? @serwi ýaly nädip syrly bolup gezmeli, @garajaoglan bilen @rigel dogan eken, çybyn çakan ýerini gaşamak ýarym orgazm diýýä @smart_girl, @mawy meni tanaýana meňzeş, @garlawac_ -yň işi kebelek bilen, Ak aýylar ýer ýüzünden ýitip barýamyşyn, näme etmeli kömegiňiz gerek, #aýdaýözüňi täzeden diňlemeli boldy).
Soň gürleşmedik, aýdymyň sesini gatyrak goýdum, kelle durlansyn diýip.
Diýlen wagtda, diýlen ýere geldik.
-Sag bol ýetişdirdiň, näme bermeli?
-Million dollar.
-Hühühü, degişgen ekeniňaý, näme bermeli?
-1 million dollar.
-Paka şuny al, şulam az däl.
-Başarmasaň diýmeli dällä dogan, menä Sizi getirip baýaryn öýdüp ýördüm.
-Baý degişgen ekeniň türke baryp güldür-güldürde oýnamaly sen (ýene türkdä muňky, güldür-güldüriň bilen seň).
Muny düşürip gaýtjak wagtym bir adam geldi ýanyma.
-Taksimi?
-Aý howwarak.
-Şähere baryp, biraz garaşyp bir zat alyp ýene yza gaýtmaly, puluň gürrüňi ýok. (Buda şeý diýýärä, äý senem ýaňkydan gowy bolasyň ýok).
-Bolýa.
Boş maşyn, öňüne mündi (yzyna geçip ýatyp gitsede bolýady welin), ýanymda otyr.
Gelýärkäk telefonyna Гулмырат diýen abonentden jaň geldi (oň telefonyna seredip, soň maşynyňa seretdirmeli bolaýma, ýoluňa seret diýýäňmi, aýal dogan, ýokla ýöne ýanymda oturansoň, ullakan telefonda gaty sesli jaň gelensoň, gözüm düşäýdi, bu hiçle, gyzyklysy öňde, ýazan sobşeniýelerinem aýdyp berjek, garaş entek). Gelen jaňy öçürip sms ýazyp ugrady (Klawiaturaň tarkyldysy ýene ünsümi özüne çekdi).
Klient: "ugradym, häzir barýan".
Gulmyrat: "menem öýde geliber".
K: "göresim gelip gitdi seni".
G: "menem".
Ýakyn dost öýdýän bular.
K: "ýarym sagatdan yzyma gaýtmaly".
G: "wiý akylym, şeýle basymmy?"
K: "howwa janym, seni ýöne göresim geldi, GULIÇKAM".
Eý-waý dogan, bu näme boldugy? biriniň şahsy zadyna burnuňy soksaň, şondan gowy bormy, ýöne bu adam, Gulmyrat (eljiredilen ady Guliçka) ikisi, toba-toba.
"Hova geldi oba, kamaz geldi toba" diýip öňkülerem bilmän aýtmandyr. Dadyma ejem ýetişäýdi. Geleňokmy diýip jaň etdi. Aý howa gowy bolansoň biraz kireýjik edeýin diýip ýördüm diýdim. Ata babaň nä kireý edipmi, nesip edeni bolar 10 minutdan öýde bol diýip gygyryp trubkany goýdy. Şeýdip munam düşürip gaçdym öýe.
-Dogrudanam bu bir keselmikä ýa mesligiň etdirýän zadymyka?
-Nämäni soraýaň gardaşym?
-Stokgolm sindromy diýýänlaý, keselmikä ýa Гулмырат diýilýäni aslynda başga adammyka?
*
Awtor Massimius (rugsady bilen üýtgedilen)
Ir säher. Imisala howa. Şadyýan guşlar. Asuda tebigat, başagaý adamlar. Üstünden geçýän Iki şåheriň adamlaryna ak ýol dileýän Andalyp warata. Awtobusa garaşýan mähelle, bu gün çýo to uzak garaşdyrýan, döwründe şaýollary eýeläp ýörän, "Aşgabadyň gözeli" bolan, garrap sandan galansoň ýerini täze nesiller eýelän, soňky günlerini göwnaçyk oba adamlary bilen geçirmek üçin gelen awtobus bolsa gara berenokdy.
Gele-gelmäne mestnyý taksileň çöregini elinden alan "sary garynjalar" bolsa yzly-yzyna geçip dur. Olaryň biri gelip deňimizde durdy. Mündük 4 bolup. Ýanymdakylary tanamok. Bilşime görä biziň bäşimizem bir-birimizi ilkinji gezek görýäs. Muny näme üçin çintgäp aýdýaryn? Wakaň dowamynda temada bolaryňyz ýaly.
Adatça hökümet takside gideniňizde esasy gürrüň bir temada bolýar. Içindäkileriň biri öňem 77 taksiçiden soran zadyny soraýar:
-Günüňe näçe tabşyrmaly?
-Aý pylança...
-(Edil birinji gezek eşidýän ýaly) Waý wu, onsoň tapyp bolýamy şony, arada bir, iki sanysy taşlapmyşynam diýdiler, üstesine zapçasynam özüň almalymyşyň, awariýa bolaýsaň dagy mallaryňy sataýmasaň uuuuu.
Boldy gitdi, taksiçi düşýänçäň zeýrenip barýar. Gowuja iş tapylsa geçjegini ýa-da gaty bolmasada türke gitjegini zarynlap gürrüň berýär.
Emma bu münen taksimize hiç kim beýle sorag bermedi. Şoň üçinem şadyýan, anekdot aýdyp ugrady. Şeýle bir gürleýär, bir gürleýär, maşyndakylaryň menden galany gyzyl jylly bolup gyrlyp galdy. Bäh, bu nä boluş, näme üçin hemmäň gülýän zadyna gülkim tutanok, ýüz görüp gülýändir öýtseň (Ýüz görüp gülünýänini bilýänsiňiz, kiçikäň saňa Aşgabatdan oýunjak getirip beren çişik daýzaň bolgusyzja degişmelerine özi bilen deň gülen bolaýýaňa, hälki oýunjak ýadyňa düşüp) hiç kim biri-biri bilen tanyş däl. Menem şunça jan edýän düşünjek, güljek. Bolmasa ýanymdaky gelneje gülen wagty garny gymyldanda menem gymyldap gelip, gidip otyryn. Degişmeleriň käbiri ýadymda galdy, belki Sizem gülersiňiz!
-Bir adamyň içindäki gurçugyny aýyrmak üçin operasiýa edipdirler (Gurçuk şeýdip aýrylýamyka?). Onam ýalňyşyp gurçugy dälde içegesini aýrypdyrlar. Şondan soň ol adam hajathanada iýip-içip ugrapdyr.
Düşündiňizmi? Menem?????
Hemmesem şuňa meňzeşräk gürrüňler, käbirini aýtmagada utanýan.
Ahyryn çydamadym:
-Agam günde näçe manat tabşyrmaly?
Adam mimikasynyň beýle çalt üýtgäýşini, begenip bolmanka gynanyp, Şahruk bol-a zaňňar.
Işleri dyndym yza gaýtmaly. Awtobus dur garaşyp. Mündüm, käşgä münmesedim! Irdenki taksili günümem gowy eken. Giren ýerimde 1 talyp oturan ekeni. Göwresi maňa 2 gelýän talyp gelin ýerinden turup maňa ýer berdi:
-Daýy geçäýiň, bärik.......
Gulagyma otly teplowozyň erbet guguldysy eşidildi. Göz öňümde bolsa Ronaldoň Katardaky göz ýaşlary, Messiniň kubogy göterişi, kellämde bolsa her-hili pikirler: Öwrenmelide söýüşýänler, (söýüşenler) doly welin, entägem toý edýän ýok, Nädip şadyýan goşgy ýazmaly?, @LORD
-am okuwa girip bilmändir, @Baýram Bejidow şo zeýrenişi, zehini bilen näme üçin Kerimhally ýaly meşhur bolup bilenok, @Relax şunça goýýan zadyny hiç ýok ýerden edýär, @Gulhan ahyry Russiýa gidip barýar, @Violinst saýta gelenok ýa durmuşa çykaýdymyka, @Elýa açdy postdy, like-ler 100-den joşdy. ( Ilon Musk bilen Sukerbergiň boýy ýatyryldy diýsem, @Elýa bilen @Köwser başlapdyr) Öňler like toplamakda @Paradise taý ýokdy, (indi 2iň biri trend) , @milaya --> @perizadym --> @altyyewa eýýäm 3njisimi diýjekdim welin Enemähriňkini sanap ýetişemok, magazinden gyrlyşyp alyp, soňam satyp bilmedik çilimlerimi @shamko beräýsemmikäm.....-Daýy, geçäýiň diýýän bärik...
Özümi edil Armen Jigarkanýan ýaly duýdum. Daýy, daýy, daýy...Garranyňy boýun almagam mertlik ekeni, men boýun alyp bilemokdym. Eddil düýnjigem yzyňdan Aişwariýalar ylgaýardy, bu gün bolsa saňa Kawşariýalar ýer berýär. Otur dost, garrylygyň keýpini gör. Entek 25-em ýaşamadyk garry, geçen 5 ýylyň doglan günini obşagada uly dabara bilen bellenilip, iň uly tort zakaz edilen, indikilerini öýünde geçirjek garry.
Şobada awtobusa münüp gelýän klasdaş gyzyma gözüm düşdi. Hormatly ýerimi oňa berdim. Mekdep döwrüni ýatlap gürrüň edip gidensiňiz diýýäňmi, ýokla sag bolam aýtmady, zyýany ýok, jany sag bolsun, belki men garryny tanan däldir...
*
Awtor Massimius (rugsady bilen, üýtgetdim)