Söýülse-de ömri uzak gitmejek,
Duşuşykda, şol ilkinji gül ýaly -
Bagtly güldiň,
bagtym güli bolmadyň!
Meňzetsem-de ykbalmyzy bir ýaly.
Kalby deýin, çagajykdy özi-de,
Aram tapdym özboluşly gülşinden...
...Sowuldy meýlisler, gutardy bary,
Kalby goýdum ýene öňki gulpynda.
Günler meni günbe-günden iýýän deý,
Göwräm barýar öz-özünden çekilip.
Yşkym içden, iýun daşdan ýandyrdy
Iýul gussa bilen.
Awgust ýekelik.
Gujak açyp, ýer bersem-de törümden,
Bagtly günler neçün gitdi howlugyp?
Goş haltamy umytlardan dolduryp,
Sentýabry garşy aljak gowluga...
Ylham GURBANALYÝEW